Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Maryda ölenlere mazar ýetişmeýär. Häkimiýetler öýlerdäki näsaglara seredýän lukmanlary "awlaýar


COVID-19: Maryda ölenlere mazar ýetişmeýär. Häkimiýetler öýlerdäki näsaglara seredýän lukmanlary "awlaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:30 0:00

Mary welaýatynda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler ýokary derejede bolmagyna galýar. Welaýatyň käbir etraplarynda ilat ölenlere mazar gazyp ýetişmeýär. Hassahanalar näsaglardan dolýan mahaly, raýatlaryň öz öýlerinde saglygyna seretdirmäge mätäçligi artýar. Bu mätäçligiň arasynda, welaýatyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri - öýlere baryp, näsaglara saglyk bejergisini berýän - lukmanlary "awlaýarlar". Bu aralykda, welaýatyň polisiýa işgärleri özlerine maska düzgünini bozandygy barada her gün 30 adama jerime ýazmak hakda dilden görkezme berilendigini aýdýarlar. Bu ýagdaýlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri heniz-de ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi derejede ykrar etmeýärler.

XS
SM
MD
LG