Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň öňki prezidenti Sarkozi bir ýyl möhlet bilen öý tussaglygyna höküm edildi


Fransiýanyň öňki prezidenti Nikolas Sarkozi
Fransiýanyň öňki prezidenti Nikolas Sarkozi

Fransuz kazyýeti öňki prezident Nikolas Sarkozini 2012-nji ýylda geçiren prezidentlik kampaniýalaryny bikanun maliýeleşdirmekde günäli tapdy we bir ýyl möhlet bilen öý tussaglygyna höküm etdi.

30-njy sentýabrda çykarylan höküme görä, 66 ýaşly Sarkozi elektron gözegçilik bilezigini dakmaly bolar.

Ol prezidentlik wezipesine gaýtadan saýlanmak üçin geçiren kampaniýalarynda kanun taýdan rugsat berilýän iň ýokary maliýe serişdesinden, 22,5 million ýewrodan ($27,5 million) iki esse köp pul sarp etmekde aýyplandy. Ol saýlawlarda Sosialist partiýadan bu wezipä dalaş eden Fransua Ollanddan ýeňildi.

2007-2012-nji ýyllar aralygynda bu wezipäni eýelän öňki prezident aýyplamalary ret etdi. “Roýtersiň” habaryna görä, Sarkoziniň adwokaty Thieri Herzog kazyýetiň kararyna arz-şikaýat bildiriljekdigini mälim etdi.

Höküm yglan edilende Sarkozi Pariž kazyýetinde däldi.

Has ozal, 1-nji martda öňki prezident başga bir iş boýunça korrupsiýada we söwda işine täsir etmekde günäli tapyldy.

Ol bu iş boýunça bir ýyl möhlet bilen türmä, iki ýyl möhlet bilen şertli tussaglyga höküm edildi. Ýöne kazyýetiň bu karary boýunça apelýasiýa suduna ýüz tutulandan soň, Sarkozi azatlykda galýar.

XS
SM
MD
LG