Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dürsoltan: Pikir alyşmagy dymdyrmak isleýärler


Dürsoltan Taganowa
Dürsoltan Taganowa

Türkmenistan hökümetiniň aç-açan tankytçysy, belli aktiwist Dürsoltan Taganowa golaýda Türkiýäniň Stambul şäherindäki deportasiýa merkezinde saklandy, 29-njy sentýabrda bolsa erkinlige goýberildi. Dürsoltan Taganowanyň saklanmagynyň sebäpleri, erkinlige goýberilmegi hem geljekki maksatlary barada, Azatlyk Radiosy onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Şeýlelikde, Dürsoltan, sizi iki günläp saklanlaryndan soň, 29-njy sentýabrda erkinlige çykarypdyrlar. Sizi näme üçin saklandyklaryny düşündirdilermi?

Dürsoltan Taganowa: Maňa düşündiren zatlary şol, bu ýerde “Ilgöç” migrasiýa gullugy bir hat ýazypdyr: “şu-şu adamlary deportasiýa lagerine ugratmaly” diýip. Meniň ýaşaýan ýerimde iki sany adamyň ady bar. Umumylykda, olar 25 adam, şolaryň içinde meniňem adym bar. Maňa hiç hili düşündiren zatlary ýok, meniň aklawçym işimi gördi. Hiç hili düzgüni bozma ýok. Diňe “Ilgöç” edarasy – migrasiýa gullugy ‘şu adamlar toplanmaly, soň lagere ugradylmaly” diýipdir.

Azatlyk Radiosy: Siz ol ýerde 25 adamyň ady bar diýýäňiz. Ol sanawdakylar nähili adamlar? Olar diňe aktiwistlermi ýa-da ýönekeý migrantlarmy?

Dürsoltan Taganowa: Ýok, hemmesi aktiwistler, özlerem iň öňde iş alyp barýan, çykyş edýän aktiwistleriň ady bar.

Azatlyk Radiosy: Dürsoltan, saklanmazyňyzdan öň hem size basyşlar bar, belki, tussag ederler we deportasiýa ederler diýen habarlar gowuşdy. Beýle maglumat nädip döredi? Şuňa degişli nähilidr bir duýduryşy aldyňyzmy?

Dürsoltan Taganowa: Siziň aýdyşyňyz ýaly, ir sagat 5:15-de öýüme gelýärler, meni soraýarlar. Şol gün men öýde ýokdum. Soň polisiýa bölümine çagyrýarlar. Men eýýäm şonda bir zat bolanyna düşündim, sebäbi üstümizden biri arza ýazmasa, çynlakaý bir zat bolmasa, 5:15-de gelip, öýüňizden hiç kim sizi soramaýar. Polisiýa merkezine baranymda, şol ýerde işleýän bir polis bilen gürleşip gördüm. “Näme üçin çagyrdyňyz? Menden arz etdilermi? Näme boldy?” diýip soradym. Şonda ol maňa bir azajyk maglumat berdi. “Ilgöç” edarasynyň bu ýerde seni tutup bileris diýen haty bar” diýdi. Indi men Türkiýede dokument esasynda galýan. Meniň dokumentlerim kadaly. “Türkmenistana deport edilmeli däl” diýip, kazyýetiň karary bar. Eýýäm onuň [poliseýiň] beren maglumatyna görä, meni polisiýa merkezinde tutup, deportasiýa lagerine ugratjak bolsalar, hökmany suratda bärde bir zat bardyr diýip pikir etdim. Aýdyşym ýaly-da boldy, meniň dokumentlerimiň bardygyny gördüler, hiç bir düzgün bozmanyň ýokdugyny gördüler, ýene-de deportasiýa lagerine ugratdylar. Aklawçym sag bolsun, kazyýetiň kararyny wagtynda ýetişdirdi. Kazyýetiň kararyny görenlerinden soň, meni yzyma goýberdiler.

Azatlyk Radiosy: Dürsoltan, näme üçin size garşy şeýle basyş dowam edýär? Bu yzarlanmalaryň sebäbi barada sizde nähilidir çaklama barmy?

Dürsoltan Taganowa: Meniň pikirim şeýle, diňe maňa däl, öň aýdyşym ýaly aktiwistleriň hemmesine [basyş edilýär], içinde meniň bolmagymyň sebäbi, biz her gün efiri açýas, meniň häzir 20-25 müň abunaçym – ýazylanlarym bar. Her gün efiri açýas, 6-7 müň adam efiri görýär. Her gün wideo edip, ony paýlaşýas, öz pikirimizi, nähili bolmaly, Türkmenistanda edilýän basyşlar ýa-da kanunsyzlyk barada, korrupsiýa barada öz pikirimizi watandaşlarymyzyň arasynda paýlaşyp başladyk. Bu adamlaryň bir azajyk seslerini çykarmagyna, olaryňam öz pikirlerini aýtmagyna sebäp bolup başlady. Şu zatlary duruzmak üçin edýärler. Başga aktiwistleriň adynyň bolmagynyň sebäbi, olaram özara pikir alyşmaga goşuldy. Bir näçe gün mundan öň daşarda [Türkmenistana] ýollaryň açylmagy üçin, plakatlar bilen ýöriş etdiler. Hut şonuň üçin diýip pikir edýän, şu zatlary susdurjak – dymdyrjak bolýar Türkmenistanyň hökümeti, Türkmenistana alyp gitjek bolup otyr hemmämizi.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkiýäniň hökümetine garşy çykyş edeňizok ahyryn, siz Türkmenistanyň hökümetini tankytlaýaňyz. Näme üçin türk hökümeti tarapyndan size garşy şeýle basyş barýar?

Dürsoltan Taganowa: Men, aýdyşyňyz ýaly, Türkiýäniň hökümetine hiç hili garşylyk edemok, ýöne Türkiýede ýaşaýanymyz üçin, Türkmenistan bu ýerde diňe Türkiýäniň hökümetiniň eli bilen basyşlary edip bilýär, başga zada güýji ýetenok diýip pikir edýän. Şonuň üçin.

Azatlyk Radiosy: Dürsoltan, soňy gezek siz iki gün saklananyňyzda, türk hökümeti size “öz çykyşlaryňyzy bes ediň, öz aktiwligiňizi goýuň” diýip, açyk aýtdymy?

Dürsoltan Taganowa: Bu gezekde duýduryş etmediler. Ýöne birnäçe aý mundan ozal meni migrasiýa gullugyna çagyryp duýduryş beripdiler. “Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasy biraz ynjygrak, şonuň üçin, sen protest, miting ýaly zatlaryňy bes et” diýdiler. Menem şonda men protest edemok, diňe göni efirden öz pikirimi paýlaşýan, watandaşlarymyz bilen pikir alyş-çalşygyny edýäs” diýip düşündirdim. Şony-da gadagan etdiler maňa. Ýöne bu gezek duýduryş bolmady.

Azatlyk Radiosy: Dürsoltan, siz indi näme etmekçi? Siz sosial ulgamlarda öz pikiriňizi aýtmagy dowam etdirjekmisiňiz ýa-da aladalar sebäpli bu işi bes etmek barada oýlanýaňyzmy?

Dürsoltan Taganowa: Ýok, ýok, hiç haçanam durjak däl. Sebäbi Türkmenistanyň hökümetiniň gorkup başlandygy açyk görnüp dur. Häzir watandaşlarymyzyň köpüsi seslenip başlady, häzir biz dymsak, ýene öňki-öňkülik bolar. Men häzir mundanam güýçli hereket etmegi planlaşdyryp otyryn, aktiwist doganlarymyň sesini dünýä ýetirjek bolýas, sebäbi olary Türkmenistana alyp gitseler, hemmämiz üçin kyn bolar. Ondan aýdyşym ýaly, göreşmegi dowam etdirjek nesip bolsa.

Azatlyk Radiosy: Dürsoltan, siziň başyňyzdan geçenler bilen biziň kärdeşlerimiz hem Merkezi Aziýanyň beýleki gulluklary: Täjik gullugy, Özbek gullugy gyzyklandylar. Siz Türkmenistan ýaly awtoritar ýurtdan bolan aýal hökmünde, jemgyýetçilik hereketlerine goşuldyňyz, şeýle aýdylanda türkmen graždan aktiwistler jemgyýetinde, iň görnüklilerinden biri bolduňyz. Siz Merkezi Aziýanyň aýallaryna näme aýtmak isleýärsiňiz?

Dürsoltan Taganowa: Aýallar nirede bolsalar-da, öz haklaryny goramaly, hökmany suratda. Sebäbi Türkmenistan ýaly bolmasyn. Türkmenistanda häzir ne aýal maşgalanyň, ne çaganyň – hiç hili hak-hukugy galmady. Biz dymanymyz üçin, mundan öň haklarymyzy goramadygymyz üçin bu ýagdaýa geldik. Şonuň üçin hemmäni öz ykbalyny goramaga çagyrýan.

Aktiwistler türkmen hökümetinden kanunçylygy, adalaty we hak-hukuklary talap etmäge çagyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:13:02 0:00
XS
SM
MD
LG