Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar ABŞ-da, Şweýsariýada we Türkiýede protest aksiýalaryny gurady


Türkmenistanlylar ABŞ-da, Şweýsariýada we Türkiýede protest aksiýalaryny gurady
please wait

No media source currently available

0:00 0:08:12 0:00

Türkmen aktiwistleriniň Türkmenistanyň hökümetiniň işinden nägilelik çykyşylary 30-nji sentýabrda ABŞ-da we Şweýsariýada ýene dowam etdirildi. Olara Stanbuldaky aktiwistler hem goşuldy. Protestçiler türkmen hökümetiniň ýurtdaky sosial-ykdysady kynçylyklary, koronawirus keseliniň ýaýramagyny äsgetmeýändigine, şeýle-de ýurduaň daşyndaky türkmen migrantlarynyň pasport kynçyyklaryna we problemalary açyk gozgaýan aktiwistlere basyşa köpçüligiň ünsüni çekýärler. NÝ-da we Waşingtonda türkmen aktiwistleriniň ençemesi BMG-niň, BSG-niň edaralarynyň we Türkmenistanyň hem Türkiýäniň ilçihanalarynyň öňünde jemlenen bolsa, Ženewada BMG-niň we BSG-niň edara jaýlarynyň öňünde bir adamlyk piket geçirdildi. Bu aralykda Stambulda basyşa sezewar bolan türkmen aktiwistleri öz nägileliklerini bildirmek üçin täze bir usulda çykyş edýärler – aýra-aýra öý protestini geçirýärler.

XS
SM
MD
LG