Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurda etjek iki günlük resmi saparynyň öňüsyrasynda Özbegistanda öndürilýän önümleri satyn almak üçin şertnama baglaşmak hakyndaky kararlara gol çekdi.
Prezidentiň kararyna görä, Türkmenistan 2022-2025-nji ýyllar aralygynda Özbegistandan 512 000 tonna fosforit ununy; 2022-2026-njy ýyllar aralygynda bugdaýyň haşal otlaryna we kesellerine, gowaçanyň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleri import eder.
Şeýle-de Aşgabat Daşkentden, öňki ýyllarda bolşy ýaly, oba oba hojalyk gurallaryny we traktor tirkeglerini import etmegini dowam etdirer.
“Trend” neşiriniň türkmen mediasyna salgylanyp ýazmagyna görä, ol 4-5-nji oktýabr aralygynda Özbegistanda saparda bolar.
Saparyň dowamynda birnäçe çäräniň, şol sanda Türkmen-Özbek ykdysady forumynyň hem geçirilmegine garaşylýar.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýakyn geljekde 1 milliard dollar möçberine ýetirmegi niýet edinýär.
Şeýle-de taraplaryň serhet ýakasynda söwda zonasyny döretmek meselesine seretmegine garaşylýar.
TDH-nyň ýazmagyna görä, iki ýurduň resmileri ýakynda oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny, mineral dökünleri, ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri satyn almaga gönükdirilen gepleşikleri geçirdi.
Mundan öň ýurtda gurlan dökün kärhanalarynyň içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, esasy önümini daşarky bazarlara eksport edýändigi habar berlipdi.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatyna görä, özbek daýhanlaryndan tapawutlylykda, türkmen daýhanlary zyýanly mör-möjekleriň, hususan-da çekirtgeleriň garşysyna göreşmek üçin zerur bolan himiki serişdeler bilen ýeterlik üpjün edilmeýär.