Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulyň metjidiniň daşyndaky partlamada iki adam wepat boldy


Owganystan
Owganystan

"Talyban" guramasynyň resmisi, ejesiniň jynazasynyň geçýän wagtynda Kabul metjidiniň daşynda bolan partlamada owgan raýatlarynyň wepat bolandygyny aýtdy.

"Kabuldaky Eýdgah metjidiniň girelgesiniň golaýynda parahat ilatyň ýygnanan wagtynda bolan bomba partlamasy ençeme adamyň wepat bolmagyna sebäp boldy" -diýip, "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid 3-nji oktýabrda Twitterde ýazdy.

"Talybanyň" ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Içeri işler ministrliginiň gatnaşyklar bölüminiň müdiri Saýed Hosty Azatlyk Radiosyna WhatsApp arkaly iberen habarynda partlamada iki adamyň ölendigi we iki adamyň ýaralanandygy aýdyldy.

Hosty hüjüm bilen baglanyşykly üç adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Partlamadan soň metjidiň töweregindäki ýer "Talybanyň" howpsuzlygy üpjün edýän güýçleri tarapyndan gabaw astyna alyndy.

Hüjümiň jogapkärçiligini derrew hiç kim öz üstüne almady.

Şeýle-de bolsa, awgust aýynyň ortalarynda "Talyban" Owganystany ele geçireli bäri, "Yslam döwleti" toparynyň söweşijileriniň olara garşy hüjümleri artdy.

XS
SM
MD
LG