Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär


“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy
“Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy

Türkmenistanda 6-njy oktýabrda “ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň" Hatyra güni bellenilýär.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gije bolan ýersasrgynynyň üstünden 73 ýyl geçendigine garamazdan, Aşgabat ýer titremesinde anyk näçe adamyň wepat bolandygy, näçe adamyň ýitendigi henize çenli hem belli däl we taryhçylaryň geçiren barlaglarynyň netijeleri, şaýatlaryň ýatlamalary çap edilmeýär.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanda Hatyra güni 2014-nji ýylda ýatyrylmazyndan öň, Gökdepe galasynyň rus patyşasynyň basybalyjy goşunlarynyň öňünde synan gününde, galany goraýjylary we türkmen topragy ugrundaky beýleki söweşlerde wepat bolanlary ýatlamak, olaryň ruhuna doga-dileg etmek üçin 12-nji ýanwarda bellenilýärdi.

Emma bu sene hiç bir düşündiriş berilmezden üýtgedildi we 1948-nji ýylda bolan Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny ýatlamak üçin döredilen Matam gününe goşuldy.

XS
SM
MD
LG