Birleşen Ştatlary we Hytaý öz prezidentleriniň şu ýylyň ahyryna çenli wirtual duşuşyk geçirmekleri babatynda prinsipde ylalaşdy.
“Prezident Jo Baýden we hytaý prezidenti Si Szinpin wideo aragatnaşyk arkaly duşuşarlar diýip, habar saýtlary 6-njy oktýabrda bir ýokary derejeli ABŞ resmisiniň sözlerini getirdi.
“Ikitaraplaýyn wirtual duşuşyk” boýunça “prinsipde ylalaşyldy” diýip, resmi anonimlik şertinde habarçylara aýtdy.
Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki duşuşygyň ahyrky jikme-jiklikleri babatynda taýýarlyk işleriniň dowam edýändigini aýtdy.
Wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek duşuşyk ABŞ-nyň milli howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Sulliwan hem-de Hytaýyň ýokary derejeli diplomaty Ýang Jiýçi Şweýsariýada duşuşandan soňra yglan edildi.
Sulliwan iki ýurduň arasynda aragatnaşyk liniýalaryny açyk saklamagyň zerurdygyny nygtady, ýöne şol bir wagtyň özünde Hytaýyň Taýwandaky soňky harby prowakasiýalaryna we etniki azlyklaryň hukuklaryny kemsitmegine, şeýle-de Pekiniň Hong Kongdaky demokratiýa tarapdarlaryny basyp ýatyrmak tagallalaryna alada beýan etdi diýip, Ak tam aýtdy.
Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki Sinhua agentligine görä, Ýang iki ýurduň bilelikde işlemegi üçin çagyryş edipdir.
Haçan-da Hytaý we ABŞ hyzmatdaşlyk etse, bu iki ýurt we bütin dünýä bu hyzmatdaşlykdan bähbit görer. Haçan-da Hytaý we ABŞ birek-birege gapma-garşy bolsa, bu iki ýurt we bütin dünýä çynlakaý ejir çeker diýip, Sinhua agentligi Ýangyň sözlerini getirdi.