Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanly türkmen zenany Salema Rahman BMG-niň ýene bir baýragyna eýe boldy


Pakistanda ýaşaýan türkmen bosgunlarynyň arasynda ilkinji zenan lukmany Salema Rahman 2021-nji ýylda Aziýa boýunça "Nansen award" baýragyna eýe boldy.

Owganystanly etniki türkmen Dr. Salema Rahman BMG-niň bosgunlar agentliginiň (UNHCR) "Nansen Award" baýragyna mynasyp boldy.

Pakistanda ýaşaýan owgan türkmenlerinden bosgun zenan bosgunlar üçin niýetlenen baýraga eýe bolandygy barada 29-njy sentýabrda BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasy UNHCR tarapyndan yglan edildi.

29 ýaşly lukman Salema Rehman Pakistanda ýaşaýar we lukmançylyk bilen meşgullanýar. COVID-19 pandemiýasy wagtynda lukman öz hünäri we gyzlaryň bilimini ýokarlandyrmak ugrunda çalyşýan adam hökmünde görkezen edermenligi hem yhlasy üçin Aziýadan ýeňiji hökmünde sylaglanýar diýlip, guramanyň maglumatynda aýdylýar.

Pakistanda ýaşaýan türkmen bosgunlarynyň arasynda ilkinji zenan lukmany Salema Rahman 2021-nji ýylda Aziýa boýunça "Nansen award" baýragyna eýe boldy.
Pakistanda ýaşaýan türkmen bosgunlarynyň arasynda ilkinji zenan lukmany Salema Rahman 2021-nji ýylda Aziýa boýunça "Nansen award" baýragyna eýe boldy.

Salema Rahman Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde baýragyň özüne Şweýsariýanyň Pakistandaky ilçhanasynda dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny gürrüň berdi.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň bosgunlar üçin "Nansen Award" baýragy bosgunlary, beýleki göçürilen we raýatlygy bolmadyk adamlary goramakda borjundan has ýokary iş eden şahsyýetlere, toparlara ýa-da guramalara hormat bildirmek üçin gowşurylýar. Bu baýrak ilkinji gezek 1954-nji ýylda döredileninden bäri dürli ýurtlardan bolan 60-dan gowrak adama berildi.

Bu ýyl "Nansen Award" baýragyna 200 dalaşgär görkezildi, olardan bäş adam region boýunça ýeňiji boldy.

Salema Rahman özüne berlen sylagyň bosgun türkmenleriniň öz çagalaryny okatmaga, bilimli etmäge höweslendirmek maksadyny öz öňünde goýýandygyny aýdýar. Salema Owganystanda, Pakistanda türkmen toparlarynyň arasynda okuwlylaryň azdygyny, aýratynam gyzlara okamaga köp mümkinçiligiň ýokdugyny belledi.

Salema Rahman özüniň lukman bolmagynda maşgalasynyň uly iş bitirendigini gürrüň berdi. Owganystanly türkmen zenanyň maşgalasy 1991-nji ýylda Pakistana göçüp baransoň, bosgunlar lagerinde agyr şertlerde ýaşapdyr.

Bu ýyl #NansenAward Aziýanyň ýeňijisi -@Saleema_Rehman diňe bir bosgun aýallar üçin däl, eýsem hemmämiz üçin ylham. Onuň gazanan üstünlikleri, owgan bosgunlaryna we Pakistandaky ýerli jemgyýetlere hyzmat etmek borjuna esaslanýar diýlip, Twitterde çap bolan maglumatda aýdylýar.

"Nansen Award" baýragy Salema Rahmana UNHCR tarapyndan berlen ikinji sylagdyr.

2020-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Bosgunlar boýunça edarasy, UNHCR, owganystanly etniki türkmen Dr. Salema Rahmanyň koronawirus pandemiýasy döwründe garyplar üçin keselhanada bitirýän işlerini aýratyn sylapdy.

Azatlyk Radiosy Pakistanda owgan bosgun aýallarynyň arasyndan bolan ilkinji ginekolog lukman Salema Rahman bilen söhbetdeşlik geçiripdi.

“Men ynsanyýete hyzmat etmek isleýärin”
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:05 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG