Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “Talybanyň” Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden soň, topar bilen ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy geçirýär


"Talybanyň" wekilleri Dohadaky gepleşiklerde (arhiw suraty)
"Talybanyň" wekilleri Dohadaky gepleşiklerde (arhiw suraty)

ABŞ resmileri Birleşen Ştatlaryň goşunlary Owganystandan çykarylandan soň, “Talyban” wekilleri bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gepleşikleri geçirýärler. Awgustda aşa berk yslamçy topar uruşdan ejir çekýän ýurduň häkimiýetini eýeläpdi.

Döwlet departamentiniň 8-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, ABŞ-nyň delegasiýasy 9-10-njy oktýabr aralygynda Kataryň paýtagty Dohada “Talybanyň” ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşar.

Mundan öň, soňky ýyllaryň dowamynda Dohada Birleşen Ştatlaryň resmileri “Talybanyň” araçylary bilen mümkin parahatçylyk ylalaşygy boýunça hem gepleşikleri geçiripdiler.

“Biz ‘Talybana’ ähli owganlaryň, şol sanda aýallaryň we gyzlaryň hak-hukuklaryny sylamagy, şeýle-de ähli taraplary öz içine alýan we giň goldawa eýe boljak hökümeti esaslandyrmagy ugrunda basyş ederis” diýip, ABŞ-nyň metbugat wekili belledi.

Şol bir wagtda, Döwlet departamenti duşuşygyň Birleşen Ştatlaryň “Talybanyň” Owganystandaky häkimiýetini ykrar edýändigine yşarat etmeýändigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG