Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti ençeme wise-premýerine “berk käýinç” berdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýokary derejeli resmileriniň ençemesine “berk käýinç” yglan etdi.

8-nji oktýabrda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisiniň dowamynda:

  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işinde görkezijileriň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçe “berk käýinç” yglan edildi;
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe “berk käýinç” yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin soňky gezek duýduryldy;
  • Ýokardaky kesgitleme bilen, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mämmedowa Mährijemal Mekandurdyýewna, şeýle-de
  • Ahal welaýatynyň häkimi Gurbanow Ýazmuhammede “berk käýinç” yglan edildi. Gurbanowa ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin soňky gezek duýduryş hem berildi;
  • Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Aşyrow Arslan Gurbanmämmedowiçe-de “berk käýinç” yglan edildi.

Adatça bolşy ýaly, prezident ýokary derejeli emeldarlaryň goýberendigi aýdylýan kemçiliklerini aýdyňlaşdyrmady. Ýene bellemeli bir ýagdaý, 'berk käýinç' berlen emeldarlaryň ençemesi mejlisiň dowamynda gözegçilik edýän pudaklaryndaky ösüş sanlar barada hasabat beripdiler.

Galyberse-de, geçen hepde Berdimuhamedow ýurduň güýç edaralarynyň hem ýolbaşçylaryna, şol sanda Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Amanow Çarymyrat Kakalyýewiçe we içeri işler ministri Hojanyýazow Öwezdurdy Geldiýewiçe “berk käýinç” yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG