9-njy oktýabrda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki gazetlerinde ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Ştatlaryň garaşsyzlygynyň 245 ýyllygy mynasybetli iberen gutlagy bilen baglylykdaky ýollan haty çap edildi.
Türkmen gazetlerinde Baýdeniň türkmen kärdeşiniň iberen gutlag hatyna hoşallyk bildirýändigi bellenilýär.
“Arzuw-umytlara beslenen dünýäniň geljegi üçin bilelikde hyzmatdaşlyk edýändigimiz baradaky pikir maňa ylham berýär. Amerikan halky, ozalkysy ýaly, adamlara howpsuz, asuda we abadan durmuşda ýaşamaga kömek etmek arkaly bagtyýarlyga ymtylmaga ygrarly bolmagynda galýar” diýip, 9-njy oktýabrda türkmen gazetlerinde çap bolan maglumatda aýdylýar.
ABŞ-da Garaşsyzlyk güni 4-nji iýulda bellenilýär.