Eýranyň ýadro başlygy Tähranyň urany, geçen aý BMG-niň ýadro gözegçileriniň çak eden sanlaryndan has köp mukdarda baýlaşdyrandygyny aýtdy.
9-njy oktýabrda giçlik ýerli telewideniýede eden çykyşynda Mohammad Eslami Eýranda 20% derejede baýlaşdyrylan uranyň 120 kilogramynyň bardygyny aýtdy.
Sentýabrda Atom energiýasy boýunça halkara agentligi Eýranyň gorlarynyň 84,3 kilograma barabardygyny çaklapdy.
Ýadro ýaragyny ýasamak üçin 20% derejede baýlaşdyrylan uranyň 170 kilogramy zerurdyr.
Emma ýadro ýaraglarynyň köpüsi 90%-den hem aşa derejede baýlaşdyrylan urany ulanýarlar.
2015-nji ýyldaky Ýadro ylalaşygynyň şertlerine laýyklykda, Tährana urany 3,67%-den ýokary derejede baýlaşdyrmak gadagan edilipdi.
Bu ylalaşyk Eýrany ýadro programmasyny jylawlamagyň öwezine, oňa garşy girizlen halkara sanksiýalaryň gowşadylmagyny göz öňünde tutýardy.
Emma 2018-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagty prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlary bu ylalaşykdan çykardy we Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizdi.
Tähran muňa jogap edip, ylalaşygyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekip başlady.