Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Koronawirusdan azat” Türkmenistanda berk karantin çäklendirmeleri dowam edýär, işsizlik ilaty köseýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

“Hususy tikinçilik öýüm [pandemiýa sebäpli] ýapylmazdan ozal, men her gün 50 manat gazanç edýärdim. Ýoldaşym awtoulag bejerilýän ussahanada işläp, her gün 100 manat gazanç edýärdi. Ýöne tikinçilik öýüm-de, awtoulag ussahanasy-da karantin sebäpli ýapyldy. Indi özüm hem, ýoldaşym-da işsiz galdyk” diýip, lebaply bir tikinçi zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Koronawirusdan azat” Türkmenistanda pandemiýa bilen bagly girizilen karantin çäklendirmeleri öz güýjünde galýar. Karantin düzgünleri ilatyň onsuz hem ýaramaz iş üpjünçilik şertlerini öňküden-de beter çäklendirýär. Giň ýaýran işsizlik hojalyklaryň gündelik azyk üpjünçiligine ýaramaz täsir edýär. Bu aralykda, Azatlygyň habarçylaryna görä, ýurduň gündogar sebitlerinde koronawirus ýokanjynyň depgininiň peselendigine garamazdan, ençeme iş ýerleri ýapyk saklanýar, hereket çäklendirmeleri bilen bagly girizilen karantin düzgünleri berk gözegçilikde saklanýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Türkmenabat halkara howa menzilindäki bir çeşmesi 10-njy oktýabrda 200 töweregi hytaý hünärmeniniň “Türkmenhowaýollarynyň” bir uçary arkaly Türkmenistana getirilendigini habar berdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, bu hünärmenler ýurduň çäginde hereket edýän hytaý kompaniýalarynyň işgärleri bolup, olar çalşyk esasynda işleýärler. Daşary ýurtly hünärmenler Farap gümrükhanasyndaky bir karantin merkezine ýerleşdirilipdirler.

Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Farapdan Türkmenabada barýan bir döwlet awtobusynyň ýolda häkimiýetler tarapyndan saklanandygyny we ýolagçylaryň ählisiniň awtobusdan düşürilip, ýeke-ýekeden olaryň COVID-19 test netijeleriniň barlanandygyny habar berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýolagçylardan on raýat Türkmenabada goýberilmändir. Häkimiýetler Türkmenabada girmäge rugsat berilmedik ýolagçylaryň COVID-19 test netijeleriniň möhletiniň geçendigini aýdýarlar.

“COVID-19 näsaglarynyň sanynyň azalmagy dowam edýär. Lebap welaýatynyň köp ugurly hassahanasy hem indi adaty hassalary kabul edip başlady. COVID näsaglarynyň sany azalýar diýsek-de, berk karantin sebäpli ýapylan bazarlar we dükanlar heniz hem açylmaýar” diýip, habarçymyz ýagdaýdan habarly adamlara salgylanyp 11-nji oktýabrda habar berdi.

Azatlygyň habarçysy karantin çäklendirmeleri dowam edýän Lebapda ençeme adamyň işsiz galandygyny habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Lebapda köp sanly awtoşaý dükany, egin-eşik dükanlary, gurluşyk harytlary satylýan dükanlar, tikinçilik öýleri, gözellik salonlary we dellekhanalar 1 aý 10 gün töweregi wagt bäri ýapyklygynda galýar.

Habarçymyz bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir tikinçi zenan sentýabrdan bäri işleriniň togtandygyny, awtoulag ussahanasynda işleýän adamsynyň hem işsiz galandygyny gürrüň berdi.

“Iki çagamyz bar. Arenda alyp işledýän tikinçilik öýümiziň gapysyny polisiýa işgärleri möhürlediler” diýip, tikinçi zenan gürrüň berdi.

Ol karantinden ozal özüniň gününe 50 manat, adamsynyň 100 manat gazanandygyny, ýöne iş ýerleriniň ýapylmagy bilen gündelik girdejileriniň kesilendigini gürrüň berdiler.

“Indi ýoldaşym hem, özüm hem işsiz galdym. Oktýabryň başyndan bäri ‘karantin gowşadylar, iş ýerlerimiz açylar’ diýen umyt bilen her gün irden iş ýerden habar alýaryn. Ýöne hiç kim belli bir zat aýtmaýar” diýip, tikinçi zenan şikaýat etdi.

“Maşgalamyzy nädip eklejegimizi bilmeýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanyň hökümeti şu wagta çenli ýurduň çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady, ýöne muňa garamazdan, ýurtda berk karantin çäklendirmelerini girizdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG