Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran Türkmenistan bilen serhetdäki “Inçe Burun” gümrük geçelgesini açýar


Serhet geçelgesi

Eýranyň gümrük häkimiýetleri Türkmenistan bilen serhetdäki “Inçe Burun” gümrük geçelgesiniň açylýandygyny aýtdylar diýip, “Turkmen.news” Eýranyň PressTV neşirine salgylanyp habar berýär.

“Inçe Burun” barlag nokady 20 aýlyk karantinden soň, 14-nji oktýabrda öz işini işini dikeltdi. Eýranly telekeçilere bu geçelge arkaly Türkmenistana haryt äkitmäge we üstaşyr ýük daşamaga rugsat berilýär diýip, habarda aýdylýar.

“Inçe Burun” 2020-nji ýylyň fewral aýynda, Eýranda ilkinji koronawirus hadysasy barada çykan habarlardan soň ýapyldy.

Türkmen häkimiýetleri mundan öň, ýük awtoulaglary üçin ýörite dezinfeksiýa geçelgeleri gurlandan soň, "Sarahs" we "Lotfabad" serhet geçelgelerini açmaga rugsat berdi.

Ýöne Eýranyň gümrük gullugy “Inçe Burun” geçelgesiniň açylmagynyň deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa ýurtlaryna iberilýän harytlaryň möçberini has ýokarlandyrmagyna garaşýar. Şu aralykda Eýran-Türkmen gury ýer serhet geçelgesi, “Bajgiran” ýapyklygyna galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG