Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülistanda we Daşkentde öz çagalaryny satmaga synanyşan aýallar tussag edildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Özbegistanyň hukuk goraýjy işgärleri Syrdarýa sebitiniň Gulistan şäherinde bir aýalyň 8-nji oktýabrda doglan çagasyny satmak synanyşygynyň öňüni aldy.

Sebit polisiýa bölüminiň metbugat gullugynyň üçünji gün beren habaryna görä, Kaşkadarýa sebitiniň Ýakkabag etrabynyň ýaşaýjysy B.S. öňünden ylalaşylan nagt puly, 5000 ABŞ dollaryny alyp duran wagtynda tussag edildi.

Onuň çagasy Syrdarýa sebitiniň ýetimler öýüne ýerleşdirildi. Jenaýat fakty boýunça derňew işleri alnyp barylýar.

Şu aralykda Daşkentde Andijan sebitinde ýaşaýan 28 ýaşly aýalyň işi esasynda geçirilen kazyýet seljermesi tamamlandy, ol 3 ýaşly çagasyny 18 müň ABŞ dollaryna satmaga synanyşypdyr.

Ýerli metbugatyň maglumatyna görä, bu aýal 2014-nji ýyldan bäri 34 ýaşly bir erkek bilen şerigat nikasynda ýaşap, iki çagasy dünýä inenden soň kanuny nika baglaşypdyr. Emma ol 2019-njy ýylda maşgala dawalary sebäpli öýünden çykýar we 2021-nji ýylda ýene göwreli bolandygyny bilýär.

Netijede, Daşkende ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan aýal çagasyny satmak kararyna gelýär. Oňa bu iş boýunça 5 ýyl iş kesildi.

XS
SM
MD
LG