Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Owganystandaky “Talyban” dolandyryşyny ykrar etmejekdigini aýdýar


Amir Han Muttaki
Amir Han Muttaki

Türkiýe “Talybana” Owganystandaky gumanitar krizisi ýeňip geçmäge kömek etmäge taýýardygyny, ýöne talyban dolandyryşyny resmi taýdan ykrar etmejekdigini aýtdy.

Daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu bu sözleri 14-nji oktýabrda, Owganystanyň talyban ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň daşary işler ministri Amir Han Muttakini kabul edende aýtdy.

Çawuşoglu žurnalistlere "Talyban" bilen gepleşik geçirmegiň yslamçy toparyň ýurduň kanuny hökümeti hökmünde ykrar edilmegi bilen birmeňzeş däldigini aýtdy. "Owganystanyň ykdysadyýeti çökmeli däl" diýip, ol sözüni dowam etdirdi.

"Şu sebäpden, ýurtda aýlyk haklarynyň tölenip bilmegi üçin, Owganystanyň ýurt daşyndaky emläklerini doňduran ýurtlar has çeýe bolmaly" diýip, Çawuşogly belledi.

Awgust aýynda ýurduň halkara derejesinde goldanýan hökümetini agdaran we Owganystandaky häkimiýeti ele geçiren talyban hökümeti, öz-özüni bellemek bilen, halkara derejesinde ykrar edilmäge synanyşýar.

Ýurduň ykdysadyýeti günbe-günden pese gaçýar, berilýän kömegiň köpüsiniň kesilmegi bilen, gyş ýakynlaýar, azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar we işsizlik köpelýär.

Muttaki Ankara Katardaky ABŞ we Ýewropa diplomatlary bilen geçiren gepleşiklerinden soň geldi. Ol bu gepleşiklerde Günbataryň “Talybana” garşy girizen sanksiýalarynyň Owganystandaky howpsuzlyga wehim saljakdygyny duýdurdy.

Muttaki Türkiýede Owganystanyň beýleki ýurtlardaky emläkleriniň doňdurylmagy ykdysady çökgünligi çuňlaşdyryp, owgan bosgunlarynyň täze tolkunlarynyň döremegine sebäp bolup biler diýdi.

XS
SM
MD
LG