Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna 'berk ygrarlydygyny' aýdýar


Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşýar. Türkmen TW-sinden alnan surat.
Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşýar. Türkmen TW-sinden alnan surat.

Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji oktýabrda, hytaýly kärdeşi Si Szinpiniň çakylygy boýunça, BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn görnüşinde gatnaşdy.

HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde öz işine başlan maslahata Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş dagy hem gatnaşdy.

TDH-nyň ýazmagyna görä, BMG-niň başlygy “häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn ornuny aýratyn belledi”.

HHR-iň başlygy öz çykyşynda häzir, СOVID-19 ýokanjy sebäpli, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlykda käbir kynçylyklaryň ýüze çykandygyny belläp, bu wehimiň garşysyna bilelikde göreş alyp barmagyň zerurdygyny nygtady.

“Türkmenistan ulag ulgamynda ysnyşykly hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga berk we yzygiderli ygrarlydyr” diýip, döwlet eýeçiligindäki neşir Berdimuhamedowa salgylanyp ýazýar.

Maslahata beýemçilik edýän Hytaý we onuň bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Orsýet, Türkmenistan ýaly ýurtlar adam hukuklaryny we azatlyklaryny yzygiderli bozmakda tankyt edilýär.

Türkmenistanyň daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede galan raýatlarynyň adyndan çykyş edýän aktiwistler soňky aýlarda Aşgabatdan ýollaryň açylmagy üçin edýän talaplaryny güýçlendirdiler.

XS
SM
MD
LG