Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin gepleşiklerden öň YD-nyň Owganystanda 2000 söweşijisiniň bardygyny aýdýar


Wladimir Putin
Wladimir Putin

Moskwanyň indiki hepde Owganystandaky ýagdaýlar barada halkara gepleşiklerini geçirmäge taýýarlanmagy bilen, rus prezidenti Wladimir Putin 15-nji oktýabrda “Yslam döwleti” (YD) söweşiji toparynyň Owganystanyň demirgazygynda müňlerçe söweşijisiniň bardygyny öňe sürdi.

"Biziň aňtaw gullugymyzyň maglumatyna görä, diňe Owganystanyň demirgazygyndaky YD agzalarynyň sany 2000 töweregi adam" diýip, Putin GDA ýurtlarynyň sammitine eden wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Rus lideri YD söweşijileriniň dini we etniki düşünişmezligi güýçlendirmek üçin, bosgun hökmünde, Merkezi Aziýanyň öňki sowet ýurtlarynyň arasyna göçmegi meýilleşdirýändigini öňe sürdi. Emma ol jikme-jikliklikleri açmady.

Putin şu hepdäniň başynda YD bilen ilteşikli weteran söweşijileriň Yrakdan we Siriýadan Owganystana geçmek howpy barada duýduryş berdi, Russiýanyň Daşary işler ministrligi bolsa talyban ýolbaşçylaryny bu howpa garşy durmaga çagyrdy.

Putiniň Owganystandaky ýörite wekili Zamir Kabulow indiki hepde geçiriljek gepleşikleriň "Owganystandaky üýtgeýän ýagdaý barada umumy pozisiýany kesgitlemäge" gönükdiriljekdigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, 19-njy oktýabrda meýilleşdirilýän gepleşiklere ABŞ, Hytaý we Pakistan hem goşular. Kabulow “Talybanyň” we beýleki sebit aktýorlarynyň bu maslahata bir gün soň goşuljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG