Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina ýalňyşlyk bilen 100-den aşa adama sanksiýa girizendigini aýdýar


Ukrainanyň milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Oleksiý Danilow (arhiw surätyO
Ukrainanyň milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Oleksiý Danilow (arhiw surätyO

Ukraina mundan birnäçe aý ozal jenaýat ketdesi bolmakda güman edilýän 100-den hem aşa şahsyýete garşy ýalňyşlyk bilen sanksiýalaryň girizilendigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiýiň maslahatçysy Mihaýlo Podolýak, 16-njy oktýabrda media beren maglumatynda, bu ýalňyşlygyň ýörite matlap bilen edilip-edilmändiginiň seljerilýändigini aýtdy.

Ukraina hökümetiň gadagançylygyna giren şahsyýetleriň emläklerini, şol sanda bank hasaplaryny doňdurýar. Munuň kanuny ýagdaýda iş alyp barýan telekeçilere hem ýaramaz täsirini ýetirmek ähtimallygy bar.

Maýda Ukrainanyň Milli Howpsuzlyk we Goranmak Geňeşi – aglabasy daşary ýurtda ýaşaýan – 568 sany jenaýat ketdesine garşy sanksiýalary girizdi. Bu hökümetiň ýurtda kanunyň hökmürowanlygyny we sermaýa klimatyny gowulandyrmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde amal edilipdi.

Mundan öň, şuňa meňzeş çäreler ýurtdaky iri kontrabandaçylara, ýagny gaçakçylara garşy hem girizilipdi.

Şol bir wagtda, 15-nji oktýabrda Ukrainanyň milli howpsuzlyk we goranmak geňeşiniň sekretary Oleksiý Danilow sanksiýalara düşen şahslaryň bäşden bir bölegine, ýagny 108 sanysyna ýalňyşlyk bilen jenaýat ketdesi hökmünde gadagançylyklaryň girizilendigini aýtdy.

Sanksiýalara düşmeli şahslaryň sanawy ýurduň Içeri işler ministrligi tarapyndan düzülipdi. Şol wagt ministrlige bir wagt juda täsirli bolan Arsen Awakow ýolbaşçylyk edýärdi.

XS
SM
MD
LG