Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary Gürjüstana sapar edýär


ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin we Güjrüstanyň goranmak ministri Juanşer Burçuladze. Tbilisi. 18-nji oktýabr

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin – Gara Deňiz sebitindäki üç döwlete edýän saparynyň çäklerinde – Gürjüstanyň paýtagtyna geldi. Austiniň sapary Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň “durnuksyzlaşdyryjy hereketleriniň” arasynda öz ýaranlaryna goldawyny äşgär etmegi maksat edinýär.

“Birleşen Ştatlar Gürjüstana özüniň goranyş ukybyny gurmaga we Ýewro-Atlantik integrasiýasy ugrunda ilerlemegi boýunça hemaýat bermäge ygrarlydyr” diýip, Austin 18-nji oktýabrda Tbilisiniň Halkara aeroportuna gonanyndan soň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Bellesek, bu Pentagonyň başlygynyň Gürjüstana 2014-nji ýyldan bäri amal edýän birinji saparydyr.

Austini Güjrüstanyň goranmak ministri Juanşer Burçuladze we ABŞ-nyň ilçisi Kelli Degnan garşylady. ABŞ-nyň Tbilisidäki ilçihanasynyň maglumatyna görä, taraplar “Gürjüstanyň howpsuzlygny we durnuklylygyny ösdürmek boýunça Birleşen Ştatlaryň we Gürjüstanyň bilelikde edip biljek tagallalaryny” maslahat ederler.

Austin 21-22-nji oktýabrda Brýusselde NATO-nyň goranmak ministrleri derejesindäki duşuşyga gatnaşmazdan ozal, Ukraina we Rumyniýa hem sapar eder.

Austiniň saparynyň öňýany Pentagon beýanat ýaýradyp, Birleşen Ştatlaryň “Russiýanyň möhüm Gara Deňiz regionyndaky durnuksyzlaşdyryjy hereketleriniň fonunda Ýewropaly ýaranlaryny we hyzmatdaşlaryny berk goldaýandygyny” mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG