Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýa eksport edilýän türkmen gazynyň bahasy ýokarlandy


"Galkynyş" gaz käniniň açylyşy. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň Hytaýa eksport edýän tebigy gazynyň bahasy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 23,9% ýokarlandy. Bu barada Orient.tm neşiri habar berýär.

Maglumata görä, Hytaý müň kub metr türkmen gazy üçin ýanwar aýynda 192 dollar tölän bolsa, iýul aýynda bu baha 238 dollara çykdy.

Bellemeli ýeri, türkmen gazynyň bahasy bahar we tomus aýlarynda ýokarlanypdyr.

Gyşyň golaýlaşmagy bilen dünýä bazarynda energiýa serişdeleriniň bahalary soňky aýlarda yzygiderli ýokarlanýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Intercontinental Exchange” söwda biržasynyň maglumatlaryna görä, soňky aýlarda energiýa serişdeleriniň, hususan-da nebitiň we tebigy gazyň bahalary rekord derejede ýokarlanýar.

Birža maglumatlaryna görä, Ýewropanyň energiýa bazarlarynda müň kub metr gazyň bahasy 18-nji oktýabrda 980 dollara barabar boldy.

Hytaý Türkmenistanyň iň iri energiýa müşderisidir. Türkmen neşirine görä, iýul aýynda Hytaýyň Türkmenistandan satyn alan gazynyň möçberi 2,77 milliard kub metre barabar boldy.

Şol bir wagtda, ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt gaz eksportynyň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37 göterim ýokarlanypdyr.

Türkmenistan soňky birnäçe ýyl bäri ýiti maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýär.

Bu aralykda, iýun aýynda türkmen hökümeti Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisini gurmak we “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek üçin Hytaýdan alan karzyny doly üzlüşendigini mälim etdi.

Has ozal, mart aýynda geçirilen hökümet mejlisinde bu karzyň möçberiniň 8 milliard 800 million dollara barabar bolandygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG