Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Russiýanyň iň iri ikinji şäherinde täze çäklendirmeler güýje girizilýär


Illýustrasiýa suraty.

Russiýanyň iň iri ikinji şäheri bolan Sankt Peterburg häkimiýetleri koronawirus hadysalarynyň köpelmeginiň öňüni almak üçin çäklendirmeleri güýçlendirýär.

18-nji oktýabrda yglan edilen çäklendirmeler köp adamly çärelere gözegçilik etmekde saglyk kepilnamasynyň soralmagyny hem öz içine alýar.

Şäher häkiminiň orunbasary Boris Piotrowskiý 1-nji noýabrdan başlap, adamlar 40 ýa-da ondan köp adamyň gatnaşýan sport ýa-da medeni çärelere gatnaşmak üçin QR barkod görkezmeli bolarlar diýdi.

Doly sanjym kabul eden ýa-da soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 testi negatiw netije görkezen adamlaryň QR kod almaga hukugy bolar.

15-nji noýabrdan başlap, bu çäklendirmeler ýüzme howuzlaryna, fitnes merkezlerine, teatrlara, muzeýlere, sirklere we kinoteatrlara hem degişli bolar.

5 million ilatly Sankt Peterburgyň restoranlarynda we aglaba dükanlarynda bu düzgün 1-nji dekabrdan başlap güýje girer

Çäklendirmeler dermanhanalara, azyk dükanlaryna we ýangyç beketlerindäki hem-de aeroportlardaky kafelere degişli däl.

Sankt Peterburg täze koronawirus hadysalarynyň sany boýunça Moskwadan soň ikinji ýerde gelýär.

XS
SM
MD
LG