Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa, Ukraina, Rumyniýa gündelik rekord koronawirus ölüm sanlaryny hasaba aldy, delta ştammy möwjeýär


Illýustrasiýa suraty. Täze COVID çäklendirmelerini girizýän Sankt Peterburgda gaz maskasyny geýnen adam.

Gündogar Ýewropada koronawirusyň delta ştammy möwjeýän mahaly, Russiýa we Ukraina pandemiýanyň tutuş dowamynda gündelik iň ýokary gündelik ölüm sanlaryny hasaba aldy.

Moskwanyň Koronawirusa garşy krizis merkezi 19-njy oktýabrda geçen bir gije-gündiziň dowamynda 1,105 adamyň koronawirus bilen aradan çykandygyny mälim etdi. Munuň bilen Russiýada bu kesel bilen heläk bolanlaryň jemi sany 225,325 adama ýetdi. Russiýa ölüm sanlary boýunça dünýäde ABŞ-dan, Braziliýadan we Hindistandan soňra dördünji ýerde gelýär.

Ukrainanyň berýän hasabaty hem birmeňzeş alada döredýär. Kiýewdäki Saglyk ministrligi geçen bir gije-gündiziň dowamynda 538 adamyň COVID-19 bilen aradan çykandygyny habar berdi. Bu san pandemiýanyň dowamynda Ukrainada hasaba alnan iň ýokary gündelik ýitgidir. Bu ýurtda jemi 61,348 adam koronawirus bilen aradan çykdy.

Rumyniýa bir gije-gündiziň dowamynda COVID-19 boýunça 18,863 ýokançlyk, 574 ölüm hasaba aldy. Hökümetiň hasabatyna görä, bu sanlar şu wagta çenli ýurt boýunça hasaba alnan rekord gündelik sanlardyr. Hökümet häzirki wagtda 1,800-den gowrak adamyň hassahanalaryň intensiw bejergi bölüminde bejergi alýandyklaryny aýtdy.

Çehiýa we Bolgariýa hem soňky birnäçe aýyň dowamynda ilkinji gezek iň ýokary koronawirus sanlaryny hasaba aldy. Bu ýagdaý koronawirusyň aňsat ýokuşýan delta ştammynyň sebit üçin alada bolmagynda galýandygyny görkezýär.

Hünärmenler hökümetler üiçn ilat arasyndaky waksinasiýa tagallalaryny iki esse ýokarlandyrmagyň hem-de güýçlendiriji sanjymlara girişmegiň zerurdygyny belleýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG