Özbegistanda Ozodlik ady bilen tanalýan radionyň işgärlerine soňky günlerde, Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunda geljek hepde geçiriljek prezident saýlawlaryna taýýarlyk görülýän wagtynda, onlaýn arkaly ölüm haýbatlary atylýar.
16-njy oktýabrda diňe bir günde, 30 minut içinde Özbek gullugynyň Telegram kanalynda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň žurnalistlerine haýbat atylýan onlarça ýazgy peýda boldy.
Wulgar ýazgylarda, pornografiki şekiller we “Ozodligiň hakyky maksady Özbegistanda pitne turuzmak, parahatçylygy bozmak we biziň prezidentimizi biabraý etmek” diýen şol bir sözler bilen, kelle kesmek we jynsy zorluk haýbatlary atylýar.
Şeýle-de, bu ýazgylarda Azatlygyň Özbek gullugynyň işgärleriniň we olaryň ejeleriniň adresine kemsidiji sözler aýdylýar.
Ýazgylaryň köpüsi näbelli hasaplardan geldi. Emma muňa garamazdan, Özbek gullugynyň Telegram aragatnaşyk menejerleri azyndan iki haýbatyň Özbegistanyň hökümetiniň ýaragly güýçlere degişli syýasatyny wagyz edýän ulanyjylar bilen baglanyşykly hasaplardan gelendigini anyklady.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý bu haýbatlary "ýigrenji" diýip atlandyrdy we Daşkent hökümetini garaşsyz metbugata garşy gorkuzyş taktikalary ulanmagy derrew bes etmäge çagyrdy.