Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hapa syryny" ýaşyrýan Türkmenistan Lukoýl bilen Hazar sebitindäki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy


Açyk gaz ýatagy
Açyk gaz ýatagy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy oktýabrda Aşgabatda Lukoýl açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen duşuşyp, Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek barada maslahat etdi.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan şu ýylyň ýanwarynda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky ylalaşyga gol çekdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, myhman türkmen bazarynda döredilen “amatly maýa goýum ýagdaýynyň we ygtybarly hukuk binýadynyň” uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmäge, ugurdaş düzümiň gurluşygyna ýardam edýändigini aýdypdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belläp, nebitgaz ulgamyny sanlylaşdyrmaga, pudaga ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň gowy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady diýip, TDH ýazýar.

Emma halkara metbugatynda çykýan habarlarda, şol sanda 19-njy oktýabrda çap edilen "Türkmenistanyň hapa syry" atly makalada ýurduň howa goýberýän zäherli gazlaryndan uly alada bildirilýär.

Türkmenistan adatça ýurtdaky agyr meseleler barada çap edilýän habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

XS
SM
MD
LG