Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda elektrik töleglerini ýylyň ahyryna çenli geçirmedikler tölegleri ýokarlanan bahadan "tölär"


Lebapda elektrik töleglerini ýylyň ahyryna çenli geçirmedikler tölegleri ýokarlanan bahadan "tölär"
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:12 0:00

Lebap welaýatynyň elektrik edarasynyň işgärleri raýatlardan 2021-nji ýyl üçin elektrik töleglerini üstümizdäki ýyl tamamlanmazdan doly geçirmegi soraýarlar. Olar ilatyň sarp edýän elektrik energiýasy üçin tölegiň geljek ýyldan başlap ýokarlanjakdygyny aýdyp, 2021-nji ýyl üçin elektrik töleglerini şu ýylyň ahyryna çenli geçirmedik raýatlaryň bergileriniň täze - ýokarlanan - nyrhdan tölediljekdigini duýdurýarlar. Bu aralykda, Lebapda ilatyň elektrik üpjünçiligindäki bökdençlikler dowam edýär, tok ýygy-ýygydan kesilýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

XS
SM
MD
LG