Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bloomberg: Türkmenistan howany hapalaýan metany iň köp syzdyrýan ýurtlaryň biri


Türkmenistanda onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagy
Türkmenistanda onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagy

Türkmenistan planetany gyzdyrýan metany syzdyrmagyň möçberi boýunça dünýäde iň ýaramaz derejeleriň birini eýeleýär diýip, “Bloomberg” neşiri habar berýär.

Neşiriň 19-njy oktýabrda çap eden "Türkmenistanyň hapa syry" atly makalasynda ýurduň tebigy gaz ýataklarynyň we iri gaz geçirijileriniň golaýynda howa goýberýän zäherli gazlaryndan uly alada bildirilýär.

Makalada Kanadanyň zyňyndylara gözegçilik edýän GHGSat Inс kompaniýasynyň 2019-njy ýylyň başynda Türkmenistandaky senagat desgalarynyň bir böleginde häzirki wagta çenli görlen iň uly metan syzmalarynyň birini tapandygy aýdylýar.

"Munuň bir bölegi Türkmenistanyň "Körpeje" tebigy gaz ýatagyndan, esasanam müşderiler üçin gaz taýýarlanylýan gysyjy stansiýadan gelýän ýaly bolup görünýär. Soňra [kompaniýanyň] hünärmeni syzmalaryň bäş ýyldan gowrak wagt bäri işjeňdigi barada netije çykardy" diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle-de, onda metanyň atmosfera ilkinji gezek girende kömürturşy gazyndan 80 esse köp ýylylyk güýjüne eýedigine üns çekilip, Türkmenistanda tapylan metan syzmasynyň ABŞ-nyň Arizona ştatyndaky ähli awtoulaglaryň ýyllyk metan zyňyndylarynyň möçberine takmynan deňdigi bellenilýär.

"Dünýäde Türkmenistandan metan syzmalary bilen bagly çynlakaý problema bar. Reňksiz we yssyz metan, tebigy gazyň iň uly düzüm bölegi bolup, öndürijiler ony saklamasa, ol energiýa desgalaryndan köp mukdarda syzyp biler" diýlip, makalada nygtalýar.

Şeýle-de, onda 2019-njy ýyldan bäri Kayrros SAS geo-seljeriş kompaniýasy tarapyndan seljerilen gury ýerdäki nebit we gaz desgalarynda iň güýçli 50 metan syzmasynyň 31 sanysynyň Türkmenistana degişlidigi hem aýdylýar.

"Halkara Energetika Guramasynyň çaklamalaryna görä, 2020-nji ýylda Türkmenistan özüniň nebit we gaz pudagynda metan zyňyndylarynyň we metan syzmalarynyň möçberi boýunça diňe Russiýadan we ABŞ-dan yza galýar, bularyň ikisiniň hem has uly energiýa pudagy we ilaty bar" diýlip, makalada bellenilýär.

"Bloomberg" neşirine görä, Russiýa we ABŞ ýaly ýurtlardan tapawutlylykda, Türkmenistany özüniň klimata täsirini azaltmak üçin nädip ynandyryp boljakdygy entek belli däl.

"2017-nji ýylda 98% ses bilen gaýtadan prezidentlige saýlanan diş lukmany, diktator Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistan dünýädäki iň repressiw ýerleriň biridir. Ol şeýle bir üzňeleşýär welin, ýurdy öwrenýän käbir alymlara, baryp görmek üçin, hiç haçan wiza berilmedi. Döwlet eýeçiligindäki energiýa pudagy daşary ýurtlular üçin aç-açan däl, halkara kompaniýalarynyň gatnaşmagyny çäklendirýär we amallary barada hiç hili maglumat bermeýär" diýip, habarda aýdylýar.

Neşire görä, ýurt baradaky az maglumat, metany we beýleki zyňyndylary azaltmagyň ileri tutulýan ugur däldigini görkezýär.

"[Ýurduň] syrly pudagyndan habarly, adynyň aýdylmazlygyny haýyş eden iki adam çagşan, könelişen infrastruktura barada gürrüň berip, olaryň käbiriniň sowet döwründen bäri kän bir täzelenmändigini, serişdäniň we hünärmenleriň ýetmezçiligi sebäpli möhüm işleriň birnäçe ýyllap yza çekilendigini aýtdy" diýlip, habarda aýdylýar.

Adamlaryň biriniň sözlerine görä, daşky gurşaw ülňüleri yzygiderli äsgerilmeýär, zyňyndylara ýerlikli gözegçilik edilmeýär we wezipeli adamlar desgalaryny arassalamaga synanyşmaýar.

"Her kim problemalara gözüni ýumýar. Görünmeýän zyňyndylara kim alada eder?" diýip, neşir pudakdan habarly çeşmesiniň sözlerini sitirleýär.

“Bloomberg” bu barada Türkmenistanyň Energetika we Daşary işler ministrlikleri, şeýle-de "Türkmengaz" döwlet kompaniýasy bilen habarlaşyp, kommentariýa alyp bilmändigini aýdýar.

Türkmenistan adatça ýurtdaky agyr meseleler barada çap edilýän habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanyň hökümet mejlislerinde daşky gurşawy goramak boýunça uly işleriň edilýändigi aýdylyp, "tebigaty goraýyş çärelerine möhüm üns berilmelidigi" barada prezident Berdimuhamedow tarapyndan wagtal-wagtal tabşyryklar berilýär.

Ýöne resmi Aşgabat bu tabşyryklary aýdyňlaşdyrmaýar we nebit-gaz pudagynyň işindäki "kemçilikler" netijesinde ekologiýa ýetirilýän zyýanlar barada açyk maglumat hem çap etmeýär.

Bu aralykda, 19-njy oktýabrda Aşgabatda türkmen prezidenti "Lukoil" açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen duşuşyp, Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek barada maslahat etdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, myhman türkmen bazarynda döredilen “amatly maýa goýum ýagdaýynyň we ygtybarly hukuk binýadynyň” uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmäge, ugurdaş düzümiň gurluşygyna ýardam edýändigini aýdypdyr.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belläp, nebitgaz ulgamyny sanlylaşdyrmaga, pudaga ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň gowy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady diýip, TDH ýazýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG