Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: Pandemiýa dünýäniň köp ýurdunda söz azatlygyny çäklendirmek üçin ulanyldy


Halkara “Amnesty International” guramasy pandemiýanyň dünýäde söz azatlygyna ýetiren täsiri barada taýýarlan hasabatyny çap etdi.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, dünýä ýurtlarynyň köpüsindäki häkimiýetler häzirki emele gelen ýagdaýy söz azatlygyny çäklendirmek we koronawirusa garşy alnyp barylýan göreş çäreleriniň tankytlanmagynyň öňüni almak üçin ulanýarlar.

Hukuk topary hususan-da Belarus, Braziliýa, Wengriýa, Müsür, Eýran, Ispaniýa, Italiýa, Hytaý, Russiýa, Serbiýa, ABŞ, Özbegistan, Fransiýa ýaly ýurtlary, Pars aýlagy, Afrika we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndaky ýagdaýlary tankytlaýar.

Awtorlaryň sözlerine görä, ylmy we deňagramly maglumatlara bolan elýeterliligiň çäklendirilmegi hem-de syýasy gapma-garşylyk dildüwşük teoriýalarynyň giň ýaýramagyna sebäp boldy we bu ýagdaý adamlaryň sanjym etdirmekden, maska geýmekden, sosial aralygy saklamakdan we beýleki çärelerden ýüz öwürmegine alyp geldi.

Ol ýa-da beýleki sanjymyň netijeliligi baradaky jedeller ýurtlaryň arasyndaky geosyýasy göreşiň bir guralyna öwrüldi. Bularyň hemmesi birleşip, köp ýurtda saglyk ulgamyna düşýän agramyň aşa artmagyna täsir etdi, köp adamyň ölümine sebäp boldy, köpçüligiň metbugata we umuman häkimiýetlere bolan ynamyny pese gaçyrdy.

XS
SM
MD
LG