Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň gara bazardaky nyrhy gaýtadan ýokarlanyp başlady


ABŞ dollary
ABŞ dollary

Türkmenistanda dollaryň gara bazardaky nyrhynyň ozalky aýlara garanyňda 40% çemesi peselip, ençeme hepdäniň dowamynda belli bir derejede durnuklylygyny saklamagyndan soň, manat ýene-de hümmetsizlenip başlady. Ýatlatsak, geçen aýdan başlap, gara bazarda 30 manatdan hem aşa bahalanan dollaryň kursy peselip, 21 manada çenli aşaklapdy.

Lebapdaky habarçymyzyň 22-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, dollar gara bazarda eýýäm 23,50 manatdan satylýar.

“Raýatlar barja manadyna dollar satyn alýarlar. Mundan öň, adamlar dollaryň nyrhynyň 20-22 manada çenli düşen döwri, daşary ýurt walýutasynyň ýene-de arzanlajakdygy baradaky gürrüňleriň arasynda, ellerindäki dollaryny manada çalyşypdylar. Indi bolsa, gaýtadan ony 23 manatdan satyn alyp başladylar. Elbetde, bu ýagdaýlarda häzir satyn alýan her dollarymyzdan üç manat töweregi zyýana galýarys. Emma dollar gymmatlamagyny dowam etdirse, ýitgimiz hasam uly bolar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri 22-nji oktýabrda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen walýutaçylar şu aýyň aýagyna çenli dollaryň gaýtadan 28-30 manada çenli hem ýokarlanyp biljekdigini duýdurdylar.

Dollaryň gara bazardaky nyrhynyň häzir täzeden ýokarlanyp başlamagynyň mümkin sebäpleri barada resmi we näresmi çeşmelerden häzirlikçe goşmaça maglumat almak başartmady. Galyberse-de, türkmen häkimiýetleri we resmi media serişdeleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary, umuman, boýun almaýarlar.

Mundan ozal, Azatlygyň bank ulgamyndaky çeşmeleri dollaryň nyrhynyň birden pese gaçyp başlamagyny, ýakynda prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary toplumyna ýolbaşçy hökmünde bellenmegi bilen gönümel baglanyşdyrypdylar. Olar häkimiýetleriň munuň bilen, kiçi Berdimuhamedowyň wezipä bellenmeginden soň ýurtdaky çöken ykdysady ýagdaýy gowulaşýan ýaly edip görkezmegi we onuň abraýyny ýokarlandyrmagy maksat edinendiklerini belläpdiler.

Şol bir wagtda, dollaryň hümmetiniň gaýtadan ýokarlanyp başlanmagy bilen, nyrhlardaky mümkin durnuksyzlykdan howatyr edip, hususy söwdagärler hem daşary ýurtlardan getiren harytlarynyň aglaba bölegini dükan tekjelerinden aýyrdylar.

Bellesek, geçen aýyň aýagynda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan telekeçiler dollaryň nyrhynyň ozalkylara garanyňda ýene-de azyndan bir aý töweregi arzanlamagyny dowam etdirse, diňe şol ýagdaýda harytlarynyň bahalaryny hem peseltmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýdypdylar. Ýogsa, häzire çenli azyk we senagat harytlarynyň, şol sanda dermanlaryň hem bahalary dollaryň 30 manatdan hem aşa bahalanan döwründe kesgitlenen nyrhlardan satylýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG