Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow kadr çalşygyny geçirdi, ogluny täze wezipä belledi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow (arhiw suraty)

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň alty aýynyň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ösüş sanlaryndan doly hasabatlary diňläp, kadr çalşygyny geçirdi, şol sanda wezipe basgançaklarynda ýokary galdyrylýan ogluny täze wezipelere belledi.

Berdimuhamedow 9-njy iýulda nobatdaky guramaçylyk özgerişliklerini geçirip, ýurtdaky ýiti maliýe çökgünliginiň arasynda, ogly Serdar Berdimuhamedowa Ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary toplumyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de, prezidentiň karary bilen wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy hem-de Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminden çykaryldy. Kiçi Berdimuhamedow bu wezipelere mundan bäş aý ozal bellenipdi. Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysynyň ornuna onuň ozalky orunbasary Döwlet Täşliýew bellenildi.

Galyberse-de, prezident ogluny GDA-nyň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde, şeýle-de Balkan welaýaty boýunça jogapkär edip belledi.

Maslahatda Berdimuhamedowyň prezidentligi döwründe syýasy wezipede iň köp saklanan ýolbaşçylaryň biri hasaplanýan Şamuhammet Durdylyýew hem, başga işe geçmegi sebäpli, ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy we “Aşgabat-siti” şäheriniň gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasyna işe iberildi.

Mundan başga-da, şu aýyň başynda içeri işler ministri wezipesinden boşadylan Mämmethan Çakyýew, şol günüň özünde döredilen, Ministrler kabinetiniň ýanyndaky ministrligiň hukuklaryndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy wezipesine bellenildi.

Aşgabadyň häkimi Ýaztagan Gylyjow hem “başga işe geçmegi sebäpli” diýen kesgitleme bilen eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Gylyjowyň täze wezipesi aýdyňlaşdyrylmady. Onuň ornuna gurluşyk we binagärlik ministri Rahym Gandymow bellenildi.

“Başga işe geçmegi sebäpli” diýen kesgitleme bilen wezipesinden boşadylan resmileriň ýene biri Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýew boldy. Onuň ornuna Gadyrgeldi Müşşikow bellenip, ol wise-premýer wezipesinden boşadyldy.

Bellesek, anyk düşündiriş berilmezden wezipelerinden boşadylýan ozalky ýokary derejeli resmiler, Berdimuhamedowyň "gidiber" sözünden soň, maslahatyň dowam edip duran pursady mejlisiň zalyndan çykyp gaýtdylar.

Prezident Çarymyrat Purçekowy energetika ministri wezipesinden boşadyp, ony wise-premýer wezipesine belledi.

Şeýle-de, Berdimuhamedow “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme bilen:

  • Merkezi bankyň başlygynyň orunbasary Myratdurdy Orazdurdyýewe “käýinç”,
  • “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowa “berk käýinç” yglan etdi.

Mundan başga-da, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin”:

  • Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowa,
  • Türkmenistanyň döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa,
  • Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Guwanç Nurmuhammedowa we
  • Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburowa “duýduryş” yglan edildi.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklara, iş orunlarynyň ýiti ýetmezçiligine garamazdan, döwlet baştutanynyň karar bermegindeykdysady manysy gümürtik taslamalara milliardlarça dollaryň harçlanýandygyny, tiz-tizden çalşyrylýan resmileriň ýagdaýyň gowulyga özgermegine täsiriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG