Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Türkmenistandan ýene 178 raýatyny yzyna getirdi


"Westnik Kawkaza" neşiriniň Aşgabatdaky rus ilçihanasyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistandan ýene 178 adam Orsýete gaýdyp geldi.

Orsýetiň S7 uçar kompaniýasynyň 22-nji oktýabrda Türkmenabatdan Moskwa amala aşyran gatnawy Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan gurnaldy, 178 ýolagçy öýlerine gaýdyp geldi diýip, RIA Nowosti habar berdi.

Şeýlelikde, şu güne çenli Türkmenistandan Russiýa 24 gezek uçar gatnawy gurnaldy, RF Aşgabat howa gatnawyny togtatandan soň, 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri raýatlaryny Türkmenistandan yzyna getirýär diýip, habarda bellenýär.

Rus uçarynda Moskwa gelýän adamlaryň köpüsi şol bir wagtda Türkmenistanyň hem raýatlary bolup durýar we, aýdylmagyna görä, olar ata watanlaryny hemişelik terk etmek kararyna gelen türkmenler bolup durýar.

Türkmen Helsinki fondunyň maglumatyna görä, Türkmenistandan Orsýete göçüp gitmek isleýän adamlaryň sany eýýäm birnäçe ýyl bäri dowamly köpelýär.

2020-nji ýylda Orsýete Türkmenistanyň 21 680 raýaty geldi diýip, düýbi Bolgariýada ýerleşýän hukuk topary Orsýetiň Federal serhet gullugynyň golaýda çap eden maglumatlaryna salgylanyp aýtdy.

Bu adamlaryň aglabasy, 19 431 raýat Türkmenistandan pandemiýa aladalary esasynda girizilen petiklemelerden, serhetleriň ýapylmagyndan we yzygiderli amala aşyrylan uçar gatnawlarynyň ählisiniň ýatyrylmagyndan öň çykypdyr.

2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bolsa Orsýete Türkmenistanyň 1323 raýaty çöçüp gelipdir.

Ýurtdan göçmek isleýän adamlaryň sanynyň aşa köpelmegi bilen baglylykda, hukuk toparynyň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, türkmen häkimiýetleri Orsýet bilen aradaky howa gatnawyny bu golaýda dikeltmekçi bolmaýar.

XS
SM
MD
LG