Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti Gyrgyzystanda ABŞ-nyň täze bazasyny gurmak baradaky pikiri ret etdi


 Sadyr Žaparow
Sadyr Žaparow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow ABŞ-nyň harby bazasyny öz ýurdunda ýerleşdirmek baradaky pikiri ret etdi. Ol bu hili kararyň Gyrgyzystany Waşington we Moskwa bilen gatnaşyklary nukdaý nazaryndan "pişik-syçan" oýnuna salmak ähtimallygyny öňe sürdi.

Žaparow bu sözleri 23-nji oktýabrdaky ýyllyk metbugat ýygnagynda, döwlet we hususy habar serişdeleriniň, garaşsyz blogçylaryň hem-de erkin žurnalistleriň soraglaryna jogap berende aýtdy.

Žaparow ABŞ-nyň harby bazasynyň Gyrgyzystanda ýedi ýyl soňra gaýtadan gurulmak ähtimallygy barada soralanda, Gyrgyzystanyň Çui sebitindäki Kantda rus harby bazasyny ýerleşdirendigini bellqp, "Biz üçin bir [daşary ýurt] bazasy ýeterlik bolar" diýdi.

"Biz öz ýurdumyzda iki baza ýerleşdirip, täsirli ýurtlar bilen pişik we syçan oýnuny oýnamak islemeýäris" diýip, Žaparow sözüniň üstüni ýetirdi.

Bişkegiň Manas howa menziliniň bir böleginde ýerleşen ABŞ howa bazasy 2001-nji ýylyň dekabrynda, Owganystanda halkara goşun bölümlerini ýerleşdirmek we terrorçylyga garşy göreş tagallalaryny goldamak üçin, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky durnukly azatlyk çäreleriniň çäginde açyldy.

Emma Gyrgyzystanyň mejlisi 2014-nji ýylda Waşingtonyň bu desgany boşatmagy baradaky karara ses bereninden soň, ABŞ bu howa bazasyndaky işini bes etdi.

XS
SM
MD
LG