Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa dünýä çempionatyna gatnaşjak kosowalylary ýurda salmaýar


Dünýäniň şu ýyldaky boks çempionaty 24-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Serbiýada, Belgradyň “Stark” arenasynda geçirilýär.

Dünýäniň höwesjeň boks boýunça dolandyryjy guramasy Serbiýanyň boks federasiýasy bilen gepleşik geçirýändigini, sebäbi Belgradyň şu hepde geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşjak kosowalylaryň ýurda girmegine rugsat bermändigini aýdýar.

Dünýäniň 2021-nji ýyldaky boks çempionaty 24-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Serbiýada, Belgradyň “Stark” arenasynda geçirilýär.

Emma Kosowanyň Olimpiýa komiteti 23-nji oktýabr güni giçlik, serhetden geçmek üçin edilen iki synanyşykdan soň, serb resmileriniň öz türgenlerine ýurda girmek rugsadyny bermeýändigini aýtdy.

Kosowa Olimpiýa komitetiniň Facebookdaky sahypasynda aýdylmagyna görä, toparyň agzalary ilkinji gezek Kosowanyň milli nyşanlary bilen bezelen lybaslary geýendikleri üçin yza gaýtarylypdyr.

Aýdylmagyna görä, soňra topar Pristina gaýdyp gelip, milli nyşanlary geýmän, serhetden geçmäge ikinji gezek hem synanyşyk edýär. Emma olar ýene yzyna gaýtarylýar.

Ozal Serbiýanyň bir bölegi bolan Kosowa 2008-nji ýylda öz garaşsyzlygyny yglan etdi we 100 töweregi ýurt tarapyndan ykrar edildi.

Emma Belgraddaky hökümet Kosowany henizem özüniň bir bölegi hasaplaýar. Höwesjeň halkara boks birleşigi (AIBA) Serbiýanyň boks federasiýasy bilen gürleşip, "ýagdaýy düzetmäge" synanyşýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG