Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda açlykdan ölen sekiz çaganyň jesedi tapyldy


Açlykdan heläk bolan çagalar ýerli molla we etrabyň ýaşaýjylary tarapyndan jaýlandylar.

Owganystanyň paýtagty Kabulyň günbatar sebitinde açlykdan heläk bolan sekiz ýetim çaganyň jesedi tapyldy diýip, etniki hazarylaryň syýasy lideri we owgan parlamentiniň ozalky agzasy mälim etdi.

Mohammad Mohakikiň 24-nji oktýabrda özüniň Facebook sahypasynda ýerleşdiren beýanatyna görä, çagalar mundan üç hepde töweregi ozal ýogalypdyrlar.

Ol çagalaryň ýerli molla we etrabyň ýaşaýjylary tarapyndan jaýlanandygyny hem sözüne goşdy.

Mohammad Ali Bamiani atly ýeri bir mollanyň sözlerine görä, ýogalan çagalaryň iň ulusy sekiz, iň kiçisi hem 1,5 ýaşynda eken.

“Olaryň hiç kimi ýokdy. Çagalaryň ene-atasynyň ikisi hem ölüp, olaryň başga ýakyn garyndaşlary hem ýok eken” diýip, Bamiani belledi. Ol çagalaryň açlykdan ýaňa beden agzalaryny hem gymyldatmaga ýagdaýynyň bolmandygyny sözüne goşdy.

Owganystanyň “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümeti çagalaryň ölümi barada häzirlikçe hiç zat aýtmady.

BMG, eger-de ýakynda Owganystana ynsanperwer kömegi berilmese, onda ýurduň ýiti gumanitar krizis, şol sanda köpçülikleýin açlyk bilen hem ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG