Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda 100-den gowrak söwdagär häkimligiň öňünde üýşüp, merkezi bazaryň açylmagyny talap etdi


Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky merkezi bazaryň 100-den gowrak söwdagäri etrap häkimliginiň öňünde üýşüp, resmilerden awgust aýynda ýapylan bazaryň gaýtadan açylmagyny talap etdi. Häkimligiň resmileri bazaryň “ilatyň saglygyny goramak üçin ýapylandygyny” aýdyp, satyjylara ýene bir hepdeden bazary açmagy wada berdiler. Ýöne söwdagärler munuň “boş wadadygyny” aýdyp, öz harytlaryny bazaryň daşynda, uly ýoluň gyrasynda satyp başladylar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berýär.

“Biz çagalarymyzy ekläp bilemzok. Biziň hojalygymyza pul gerek. Diňe meniň bir özüme günde 20-30 manat gerek. Çagalarymyzy nädip eklemeli? Prezident, resmiler bazarlary ýapjak bolsa, bizi ýa mugt azyk bilen üpjün etsin ýa-da çagalarymyza pul tölesin. Biz indi bizar bolduk" diýip, habarçymyz häkimligiň öňüne üýşen adamlaryň biriniň gygyran sözlerini sitirledi.

Penşenbe güni, 21-nji oktýabrda etrap häkimliginiň öňüne üýşen, aglabasy aýallardan ybarat söwdagärler özleriniň güzeran eklenjiniň bazarlardaky söwda doly garaşlydygyny aýdyp, Baýramaly etrap häkimine "daşary çykyp, halkyň öňünde duran meseläni nädip bolsa-da çözüp bermegi" sorady.

Ýatlatsak, pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny aýdýan türkmen häkimiýetleri awgust aýynyň ortalarynda Baýramalynyň merkezi bazaryny ýapypdy. Bu waka, ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň ozal görlüp-eşidilmedik derejede köpelen mahalyna gabat gelipdi.

"Bize çagalarymyzy eklemäne bir çözgüt bermeseler, biz barymyz häkimiň kimdigini bilip, onuň hojalygyna baryp, şonuň öýünde ýaşajak. Goý, biziň çagalarymyz hem häkimleriň çagalarynyň iýýän iýmitini iýip görsün" diýip, habarçymyz häkimligiň öňüne üýşen eneleriň biriniň sözüni sitirledi.

Onuň sözlerine görä, şondan soňra etrap häkimliginiň öňüne polisiýa eşigindäki onlarça adam gelip, bu ýere üýşen adamlary dargatmaga synanyşdy, emma bu başa barmady.

Muňa derek, çagalary bilen häkimligiň öňüne baran söwdagär aýallar çagalaryny gujagyna alyp, ýere oturdylar. Çagalaryň käbiri goh-galmagaldan gorkup, gygyryp, aglamana başlady.

Şondan soňra polisiýa işgärleri häkimligiň gapysynda durup, adamlary içeri salmadylar. Adamlar gitmän garaşdylar. Olar özleri bu edara goýberilmese, onda oňa hiç kimi salmajakdyklaryny we ondan hiç kimi daşary çykarmajakdyklaryny aýtdylar.

Aradan iki sagat gowrak wagt geçensoň, häkimlikden başga bir adam çykyp, söwdagärlere: "Bir hepdäniň içinde bazarlary açarys. Biz şu wagt munuň üstünde gaty çynlakaý işleýäris. Şunça garaşdyňyz, ýene bir hepde gaýrat ediň. Noýabryň başynda açylmasa, onda meniň ýüzümi belläň, men baryňyzyň çagaňyzy eklärin" diýip, söz berdi.

Ýöne ýüzi maskaly köpçüligiň öňüne çykan bu resmi özüniň kimdigini we häkimlikde nähili wezipäni eýeleýändigini mälim etmedi. Şeýle-de, ol öz çykyşyndan soňra dessine häkimligiň binasyna girdi.

"Adamlar "Biz boş wadalardan bizar bolduk, bizi öldürýän bolsaňyzam, bazaryň içine goýbermeseňizem, biz daşynda, tä bazaryň içine salýançaňyz, gerek bolsa göni uly ýoluň üstünde harytlarymyzy satarys" diýip aýtdylar" diýip, waka şaýat bolan maryly ýaşaýjy aýtdy.

Bu wakadan soňra telekeçiler Baýramalynyň bazarynyň daşyna düzülip, harytlaryny satmana başladylar. Habarçymyzyň sözlerine görä, telekeçileriň söwdasyna polisiýa tarapyndan gözegçilik edilse-de, häzirlikçe olaryň söwdasy çäklendirilmeýär.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada 25-nji oktýabrda ýerli wagt bilen sagat 14:00-16:30 aralygynda Baýramalynyň häkimliginden goşmaça maglumat almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň telefon arkaly eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Bellesek, bu, Maryda ýaşaýjylaryň üýşüp, ýerli resmilere ýüzlenmegi bilen bagly soňky bir aýdan hem az wagtyň dowamynda bolan ikinji wakadyr.

Türkmen häkimiýetleri şu ýylyň tomus paslynda, ýurtda koronawirusyň üçünji - iň güýçli - tokuny möwjäp başlanda, wirusa garşy karantin çäklendirmelerini güýçlendirip, bazarlaryň, dükanlaryň, ilata hyzmat ediş nokatlarynyň, şol sanda gözellik salonlarynyň, dellekhanalaryň, restoranlaryň, kafeleriň ýüzlerçesini ýapdy. Netijede müňlerçe adam gazançsyz galdy.

Bu ýagdaý, Türkmenistanda bäş ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady çökgünlik sebäpli gurpdan düşen ilatyň güzeran eklenjini has-da kynlaşdyrdy. Soňky aýlarda ýurduň dürli künjeginde ogul-gyzyny ekläp bilmeýän raýatlar, maşgalany goldamak üçin ten söwdasy bilen meşgullanýan ýaş gyzlar, zibil dörýän we dilegçilik edýän adamlar, şol sanda ýaş çagaly eneler görnetin köpeldi. Bu barada Azatlyk yzygiderli maglumat berdi.

Türkmen hökümeti ýurtda dowam edýän ykdysady krizisi we giň ýaýran koronawirus ýokanjyny, şeýle-de bularyň ilaty “açlyk” derejesine elten täsirlerini boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG