Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenabatda öýsüz köpelýär


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde öýsüz adamlar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji oktýabrda maglumat berdi. 

Maglumata görä, sebitde öýsüzler köpelýän mahaly, ýerli öý dolandyryş resmileri kommunal töleglerini wagtynda töläp bilmedik garrylary hem “garrylar öýüne” tabşyrmaga, olaryň öýlerini hökümet haýryna geçirmäge synanyşýar.

Habarçymyz onsuz hem şäherde öýsüzleri wagtlaýyn saklamak üçin ýörite binalaryň ýokdugyny, ýöne resmileriň ýaşaýyş jaýy bar bolan, ýöne kommunal töleglerini tölemäge ukypsyz garrylary “garrylar öýüne göçürmäge” synanyşýandyklaryny habar berýär.

Mundan ozal, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde öýsüzlere we zibil dörýän adamlara wagtal-wagtal göreş yglan eden polisiýa işgärleri, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, indi öýsüz görse “görmediksirän bolýar”

“Sebäbi ol öýsüz adamlary wagtlaýyn saklamak üçin bina göz öňünde tutulmadyk” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol döwlet tarapyndan öýsüz adamlaryň durmuş goraglylygyna maliýe taýdan ýardam berilmeýändigini gürrüň berdi.

Öýsüzler il arasynda “bomž” atlandyrylýar we olary Türkmenabatda duş gelen ýerde görmek bolýar:

Olar “dilegçilik edýärler we duş gelen ýerde ýatyp-turup ýörler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Olaryň arasynda Lebabyň oba we etrap ýerlerinde “gün görüp bilmän”, welaýat merkezine gelip, dilegçilik edýän öýsüz adamlar hem bar.

Habarçymyz döwletden pensiýa alýan adamlar üçin Türkmenabatda garrylar öýüniň bardygyny habar berdi. Ýöne pensiýasy bolmadyk adamlar garrylar öýüne ýerleşip bilmeýär.

Garrylar öýlerinde bolmak üçin ol ýerde bolýan raýatlaryň pensiýa haklarynyň ujundan pul tutulýar. Döwletden pensiýa almaýan raýatlar garrylar öýlerine kabul edilmeýär.

“Wagtyň geçmegi bilen şular ýaly adamlar ‘bomž’ bolup, meýdanda ýatyp-turup başlaýar” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk erkek adam 62 ýaşyny doldurandan soň, aýal maşgala 57 ýaşdan soň pensiýa almaga hukuk gazanýar.

Üç çaga dogran aýal 56 ýaşda; dört çaga dogran aýal 55 ýaşda, bäş çaga dogran aýal 54 ýaşda pensiýa çykyp bilýär, ýöne olarda degişlilikde azyndan 20, 18 we 15 ýyl hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy bolmaly we çagalar azyndan sekiz ýaşa çenli terbiýelenen bolmaly.

Pensiýa hukugyna degişli talap edilýän şertleri raýatlaryň gulluk ýyllaryna, hünärine we beýleki käbir ýagdaýlara görä üýtgäp bilýär.

Bu maglumatlar Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak kodeksine esaslanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatda öýsüz adamlaryň sanynyň köpelmegine gartaşan adamlaryň kommunal töleglerini wagtynda töläp bilmezliginiň hem sebäp bolýandygyny aýdýar.

Onuň öwrenen maglumatlaryna görä, ýerli öý dolandyryş müdirlikleri kommunal töleglerini töläp bilmeýän gartaşan raýatlary garrylar öýlerine geçirmek üçin synanyşyk edýärler we garrylar öýlerinde iki ýyldan artyk galan kömege mätäç howandarsyz raýatlar hemişelik ýaşaýan salgysyndan hasapdan çykarylýar. Munuň yz ýany, habarçymyza görä, garrylar öýündäki gartaşan raýatyň eýeçiligindäki jaý öý müdirligi tarapyndan satuwa çykarylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG