Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook-yň içerki işleri bilen bagly ýene jikme-jikler aýan boldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň mediasynda Facebook-yň ulanyjylaryň howpsuzlygyndan maliýe bähbitlerini has ýokary goýýandygy baradaky garaýyşlary goldaýan maglumatlar çap bolandan soň, sosial tor ýaňadandan tankytlanyp başlady.

ABŞ-nyň habar serişdeleri şu aýyň başynda jürlewükçi, ýagny duýduryjy Franses Haugeniň syzdyran dokumentlerini alyp, kompaniýanyň içerki işleri barada öz maglumatlaryny çap edip başladylar.

ABŞ-nyň senatory Riçard Blumental özüniň Twitter hasabynda bu dokumentleriň “Facebook-yň ýolbaşçylarynyň içerki aladalary ünsden düşürip, adamlaryň bähbitleriniň öwezine girdejileri saýlap alandygyny” belledi.

Bu aralykda, Facebook-yň maliýe hasabatlarynda sosial toruň şu ýylyň üç çärýeginiň netijeleri boýunça girdejileriniň 17% artyp, 9,2 milliard dollara deň bolandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda, 25-nji oktýabrda Haugen Britaniýanyň kanunçykaryjylarynyň öňünde hasabat berdi. Ol sosial toruň internetde ýigrenji we ekstremizmi möwjedýändigini, şeýle-de çagalary zyýanly maglumatlardan gorap bilmeýändigini aýtdy.

Facebook-yň ýolbaşçysy Mark Zukerberk kompaniýanyň arkasyny tutup, sosial toruň maliýe bähbitlerini howpsuzlykdan has ileri tutýandygy baradaky garaýyşlaryň “hakykata bap gelmeýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG