ABŞ-nyň Eýran boýunça ýokary derejeli wekili 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny täzeden dikeltmek boýunça gepleşikleriň “aýgytly tapgyra” gelendigini, şol bir wagtda Tähranyň uzaga çekmek usullary arkaly özüniň ýadro programmasyny ilerletmegi maksat edinýän bolmagynyň mümkindigini duýdurdy. Rob Malleý bu belliklerini 25-nji oktýabrda etdi.
Bu aralykda, ylalaşygy täzeden dikeltmek boýunça halkara gepleşiklerini utgaşdyrýan ýewropaly ýokary derejeli diplomat şu hepde Brýusselde özüniň eýranly kärdeşi bilen duşuşmaly.
Malleý bir hepdäniň dowamynda Ýewropa we Pars aýlagynyň döwletlerine eden saparyndan soň, Eýranyň ýadro ylalaşygyna dolanmak boýunça gepleşik mümkinçilikleriniň “müdimilik açyk bolmajakdygyny” aýtdy.
Ol belli bir pursatda Eýranyň yzyna gaýtaryp bolmajak öňe ilerlemeleriniň netijesinde, ýadro ylalaşygynyň manysyny ýitirip biljekdigini belledi.
Bu ylalaşyk Eýrany ýadro programmasyny jylawlamagyň öwezine, oňa garşy girizlen halkara sanksiýalaryň gowşadylmagyny göz öňünde tutýardy.
Emma 2018-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagty prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlary bu ylalaşykdan çykardy we Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizdi.
Tähran muňa jogap edip, ylalaşygyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekip başlady.