Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň, ÝB-niň wekilleri Ýadro ylalaşygy boýunça Brýusselde duşuşýarlar


Ýewropa Bileleşiginiň ýadro gepleşikler boýunça wekili Enrikue Mora (çepde) we Eýranyň gepleşikler boýunça wekili Ali Bagheri Kani (arhiw suraty)
Ýewropa Bileleşiginiň ýadro gepleşikler boýunça wekili Enrikue Mora (çepde) we Eýranyň gepleşikler boýunça wekili Ali Bagheri Kani (arhiw suraty)

Eýranyň ýadro gepleşikler boýunça wekili 27-nji oktýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşiginiň wekili Enrikue Mora bilen duşuşar. Bu aralykda, ABŞ we ÝB resmileri 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny dikeltmek boýunça tagallalaryň dowam etdirilýändigini aýdýarlar.

Şu hepdäniň başynda Ali Bagheri Kani özüniň Twitter hasabynda Brýusselde “netijä gönükdirilen gepleşikleri dowam etdirjekdigini” belläpdi.

Kaniniň ylalaşyga gol goýan beýleki taraplar, ýagny Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Germaniýa, Russiýa we ABŞ bilen gepleşikleri utgaşdyryjy Mora bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Günbatar döwletleri Eýranda iýunda geçen prezidentlik saýlawlaryndan soň gepleşikleriň togtamagyna alada bildiripdiler.

Geçen hepde ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Josep Borrel gepleşikleri täzeden başlatmak üçin “wagtyň gysýandygyny”, şeýle-de Tährandaky täze hökümet üçin gerekli taýýarlyklary görmek üçin ýeterlik wagtyň geçendigini aýtdy.

25-nji oktýabrda ABŞ-nyň Eýran boýunça ýokary derejeli wekili Rob Malleý ýadro ylalaşygyny täzeden dikeltmek boýunça gepleşikleriň “aýgytly tapgyra” gelendigini, şol bir wagtda Tähranyň uzaga çekmek usullary arkaly özüniň ýadro programmasyny ilerletmegi maksat edinýän bolmagynyň mümkindigini duýdurdy.

Bu ylalaşyk Eýrany ýadro programmasyny jylawlamagyň öwezine, oňa garşy girizlen halkara sanksiýalaryň gowşadylmagyny göz öňünde tutýardy.

Emma 2018-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagty prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlary bu ylalaşykdan çykardy we Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizdi. Tähran muňa jogap edip, ylalaşygyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekip başlady.

XS
SM
MD
LG