Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Sudanyň premýer-ministriniň boşadylmagyny gowy garşylap, agdarylyşyga jogap çärelerini seljerýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Sudanyň häkimiýetden çetleşdirilen premýer-ministri Abdalla Hadok bilen gepleşdi. Mundan öň, Sudanda häkimiýeti ele geçiren harbylar tussag edilen premýer-ministriň öýüne dolanmagyna rugsat beripdiler.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Ned Praýsyň maglumatyna görä, 26-njy oktýabrda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Blinken Hamdokyň azat edilmegini gowy garşylapdyr, şeýle-de “sudan harby güýçlerine tussaglykdaky ähli raýat liderlerini boşatmagy we olaryň howpsuzlygyny kepillendirmegi ugrundaky çagyryşlaryny tekrarlapdyr.

Mundan başga-da, Blinken Afrika döwletinde harbylaryň häkimiýeti eýelemegine “çuňňur aladalanma” bildirdi we goşuny demonstrantlara çydamlylygy görkezmäge çagyrdy diýip, Praýs beýanatynda belledi.

Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Sulliwanyň sözlerine görä, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy harbylaryň agdarylyşygyna jogap bermek üçin ykdysady çäreleriň giň gerimini gözden geçirýär, şeýle-de Pars aýlagynyň döwletleri bilen ýakyn gatnaşygy saklaýar.

Günbataryň beýleki döwletleri hem harby agdarylyşygy ýazgardylar, şeýle-de harbylar raýatlar bilen häkimiýet bölünişigini dikeltmeseler, onda berýän hemaýatyny kesjekdigini duýdurdylar.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Sudan boýunça duşuşdy, emma beýanat ýaýratmady.

XS
SM
MD
LG