18 döwletden ybarat topar, şol sanda ABŞ we Britaniýa rus hökümetiniň ýurtdaky “garaşsyz žurnalistlere we metbugata berýän azarynyň güýçlenmegi” diýilýän meselä “çuňňur alada bildirdi”.
28-nji oktýabrda Media azatlygy koalisiýasynyň adyndan çap edilen beýanata Ukraina we Demirgazyk Makedoniýa bilen bilelikde Awstraliýa, Kanada, Çehiýa, Daniýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Islandiýa, Latwiýa, Litwa, Gollandiýa, Täze Zelandiýa, Slowakiýa we Sloweniýa gol çekdi.
Beýanatda metbugat azatlygynyň “erkin we açyk jemgyýetleriň netijeli işlemegi, adam hukuklaryny we esasy azatlyklary goramak üçin möhümdigi” nygtalýar.
Rus häkimiýetleri garaşsyz habar beriş serişdelerini, raýat jemgyýeti toparlaryny, hukuk aktiwistlerini we beýlekileri “islenmeýän” şahsyýetler ýa-da toparlar, “daşary ýurt agentleri” diýip atlandyrýan kanunlary ulanyp, barha kän basyp ýatyrmakda, sem etmekde aýyplanýar.