Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Sudanyň harby agdarylyşygyny ýazgaryp, protestçileri goldaýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Sudandaky harby agdarylyşygy "uly yza gaýdyşlyk" diýip atlandyrdy we ýurduň raýat liderlerini goldamak üçin köçelere çykan demonstrantlar bilen raýdaşdygyny aýtdy.

"Biziň Sudanyň harby ýolbaşçylaryna aýdýan zadymyz gaty açyk we düşnükli: Sudan halkyna parahatçylykly protest bildirmek rugsady berilmeli we raýat ýolbaşçylygyndaky geçiş hökümeti dikeldilmeli" diýip, Baýden 28-nji oktýabrda eden beýanatynda aýtdy.

"Soňky günlerde bolan wakalar uly yza gaýdyşlek, emma Birleşen Ştatlar Sudanyň halkyny we olaryň zorluksyz göreşini goldamagy dowam etdirer" diýip, Baýden aýtdy.

Şu aralykda BMG-nyň 15 agzaly Howpsuzlyk Geňeşi Sudanyň üç gün ozal agdarylan raýat ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň dikeldilmegine çagyrdy.

General Abdel-Fattah Burhanyň ýolbaşçylygyndaky agdarylyşyga garşy bolan müňlerçe adam köçe protestine çykdy.

General harbylaryň häkimiýeti "raýat urşunyň" öňüni almak üçin ele geçirendigini aýtdy.

Harby agdarylyşykdan soň bir topar adam tussag edildi. Şeýle-de, garyndaşlarynyň we beýleki aktiwistleriň aýtmagyna görä, Sudanyň howpsuzlyk güýçleri 27-nji oktýabrda raýat hökümetiniň birnäçe tanymal agzasyny hem tussag etdi.

28-nji oktýabrda Burhan, harby agdarylyşygy ýazgaryp çykyş edenlerinden soň, azyndan alty ilçini, şol sanda ýurduň Ýewropa Bileleşigindäki, ABŞ-daky, Hytaýdaky, Fransiýadaky we Katardaky ilçilerini, Sudanyň Ženewadaky missiýasynyň başlygyny wezipelerinden boşatdy.

XS
SM
MD
LG