Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW "Talybanyň" aýdyşyndan hem beter cäklendirme girizýändigini aýdýar


Günbatar tarapyndan goldanýan öňki hökümetiň Aýallar ministrliginiň ornuny we binasyny alan Ahlaksyzlyk we ahlak ministrliginiň işigindäki goragçylar.
Günbatar tarapyndan goldanýan öňki hökümetiň Aýallar ministrliginiň ornuny we binasyny alan Ahlaksyzlyk we ahlak ministrliginiň işigindäki goragçylar.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) topary Owganystanyň welaýatlaryndaky talyban resmileriniň topar ýolbaşçylarynyň Kabulda yglan eden berk düzgünlerinden hem beter çäklendirmeleri ulanýandyklaryny, şol bir wagtda-da olaryň özleri tarapyndan bellenen çäklije gorag hukuklaryny hem äsgermezlik edýändigini aýtdy.

"Talyban" geçen ýyl wagyz-nesihat, ahlaklylygy wagyz etmek we ahlaksyzlygyň öňüni almak baradaky komissiýanyň düzgünnamasyny çap etdi we fewral aýynda bu gollanmanyň täzeden işlenen görnüşini ulanyp, Owganystanda has giň gerimli gözegçiligi ýola goýdy diýip, HRW 29-njy oktýabrdaky beýanatynda aýdylýar.

"Talyban" Ahlaksyzlyk we ahlak ministrligi bu düzgünleri awgust aýynda topar Kabuly ele geçireli bäri birnäçe welaýatda ulanyp gelýär.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän topar bu gollanmanyň düzgünleriniň “Talybanyň” halkara derejesinde ykrar edilmek we juda zerur bolan kömekleri almak üçin daşarky dünýä has aram, has hukukhalar bolup görünjek bolup edýän synanyşyklaryna düýpgöter ters gelýändigini aýtdy.

"Talyban" dünýä jemgyýetçiligine adam hukuklaryna, şol sanda aýal-gyzlaryň hukuklaryna hormat goýýandygyny ynandyrmaga synanyşdy " diýip, Adam hukuklaryny goraýan guramanyň aýal hukuklary boýunça orunbasary Hizer Bar aýtdy.

"Emma olaryň öz emeldarlaryny ugrukdyrýan düzgünleri jyns we LGBT diskriminasiýasyny, awtonomiýa we pikir aýtmak azatlygyna garşy berk repressiýany durmuşa geçirýän kemsidiji syýasatlaryň örtügi bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Söweşiji topar Kabuly ele geçirenden soň günbatar tarapyndan goldanýan öňki hökümetiň Aýallar ministrliginiň ornuny we binasyny alan Ahlaksyzlyk we ahlak ministrligi 1996-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli aralykda, talyplaryň öňki dolandyryşy döwründe, hususan-da aýal-gyzlara garşy ulanan kemsidiji düzgünleri bilen ýakasyny tanatdy.

XS
SM
MD
LG