Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň gündelik COVID-19 hadysalary rekordyny täzeledi


Russiýa 30-njy oktýabrda soňky 24 sagadyň dowamynda 40,251 sany täze COVID-19 hadysasynyň hasaba alnandygyny habar berdi, bu pandemiýa başlanaly bäri bir günlük iň ýokary görkeziji bolup durýar.

Mundan başga, hökümetiň koronawirus iş topary wirus bilen baglanyşykly 1160 adamyň ölendigini habar berdi. Bu bir gün öňki gündelik ölüm hasabyndaky 1163 adama garanda üç adamyň az ýogalandygyny görkezýär.

Russiýa gelýän aýyň birinji hepdesinde tutuş ýurt boýunça iş ýerlerini ýapýar, Moskwa 28-nji oktýabrdan başlap bölekleýin petikleme girizip, diňe dermanhanalar we supermarketler ýaly möhüm dükanlaryň açylmagyna rugsat berdi.

Häkimiýetler Russiýada we Gündogar Ýewropanyň beýleki ýerlerinde köpelen koronawirus ýokuşmalarynyň sebäbini sanjymlaryň haýal geçirilmeginden görýär.

XS
SM
MD
LG