Ýigrimiler toparynyň (G20) ýolbaşçylary 31-nji oktýabrda Rimde geçirilýän sammitiň ikinji we jemleýji gününde toplanyp, klimat özgermesi meselesinde manyly ygrarlylygy öz içine alýan we BMG-niň Şotlandiýada geçirjek möhüm COP26 konferensiýasyna itergi berýän beýannama taýýarlamaga çalyşýarlar.
Sammitiň açylyş gününiň ahyrynda jemleýji jarnamada global ýylylygy 1,5 gradusdan geçirmän saklamak ýa-da howa zyýanly galyndylaryň goýberilmegini doly ýok etmek babatdaky wagt çelgilerini kesgitlemek barada berk karara gelinjegi aýdyň bolmady.
Baýden administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisi 30-njy oktýabrda žurnalistlere G20-niň gutarnykly beýannamasynyň elementleri barada "henizem gepleşilýändigini" aýtdy we Rim sammitiniň 31-nji oktýabrda Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde başlajak COP26 sammitine “itergi bermäge” bagyşlanandygyny belledi.
Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, 1,5 dereje maksadyna ýetmek üçin global zyňyndylar 2030-njy ýyla çenli tas ýaryma golaý azaltmaly we 2050-nji ýyla çenli nol derejesine çenli aşak düşürmeli.
Bu wezipäniň agramy uglerod zyňyndylarynyň takmynan 80 göterimine jogapkär bolan G20 ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň paýyna düşýär. ABŞ resmisi bu sammitiň energetika pudagyny karbonsyzlaşdyrmak meselesinde "dil tapyşmak" mümkinçiligigini berjegine we has köp ýurduň metan gazlaryny azaltmaga gol ýapjagyna umyt bildirdi.
Ykdysady girdejileri esasan nebit-gaz söwdasyna daýanýan Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar. Bu mesele golaýda Aşgabadyň ÝB hyzmatdaşlary bilen geçiren onlaýn maslahatynda hem gozgaldy. Emma türkmen metbugaty ol maslahatda gozgalan düýpli meseleler barada adaty dymmak usulyny ulandy.
Şu aralykda Türkmenistan Orsýetiň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen işlemän duran we ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşyk baglaşdy.