Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus Orsýetiň kremlçi habar gullugyny, "Regnumy" petikleýär 


Belarus häkimiýetleri Kremle tarapdar rus habar gullugymyň, "Regnumyň" web sahypasyny petiklediler. 30-njy oktýabrdaky petikleme Minsk tarapyndan düýbi Orsýetde ýerleşýän metbugat saýtyna girmegiň ilkinji gezek çäklendirilmegi boldy.

Şeýle-de Belarus biraz öň Russiýanyň “Komsomolskaýa Prawda” neşiriniň Belarusdaky görnüşiniň web sahypasyny petikledi.

Uzak wagt bäri häkimiýetde oturan Aleksandr Lukaşenkanyň hökümeti "Regnumy" petiklemek barada gelen kararyny düşündirmek üçin hiç bir beýanat çap etmedi. Ýöne bu neşiriň web sahypasy Belarusy, hamala, "ruslara garşy" syýasaty üçin tankytlaýan we iki ýurduň basymrak birleşmegine çagyrýan makalalaryň bir toparyny çap etdi.

Mundan öň Belarus birnäçe günbatar we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň web sahypalaryny, şol sanda “Doýçe Welle” we AÝ/AR-nyň Amerikanyň sesi bilen bilelikde taýýarlaýan “Häzirki Zaman” neşirleriniň web sahypalaryny petikledi.

Azat Vewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý “Häzirki zaman” TW-siniň petiklenmegini berk ýazgardy we belarus halkyna maglumat bermek tagallalarynyň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG