Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden G20-de Erdogan bilen duşuşup, "seresap bolmak" duýduryşyny berer


Belgiýa. ÝB-NATO sammiti döwründäki duşuşyk.
Belgiýa. ÝB-NATO sammiti döwründäki duşuşyk.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 31-nji oktýabrda boljak duşuşyk wagtynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana ABŞ-Türkiýe gatnaşyklaryna zeper ýetirip biljek "töwekgelçilikli hereket" barada duýduryş berer diýip, ABŞ resmisi aýtdy.

Erdogan şu aýyň başynda tussag edilen haýyr-sahawatçy Osman Kawalanyň boşadylmagyna çagyran on ilçini, şol sanda ABŞ-nyň ilçisini "personae non gratae", islenilmeýän adamlar diýip yglan etmegi buýurdy.

Bu ilçileriň ýurtdan çykarylmagy NATO agza bolup durýan ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda görlüp-eşidilmedik waka bolardy. Emma Erdogan, Ankaranyň niýetiniň krizis döretmek däldigini aýdyp, haýbatyny yzyna aldy we emele gelen dartgynlygy uzak goýman peseltdi.

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi 30-njy oktýabrda Ýigrimiler toparynyň (G20) Rimde geçýän sammitinde žurnalistlere Baýden “biziň öňe barýan wagtymyzda şunuň ýaly krizislerden hem-de ABŞ-Türkiýe hyzmatdaşlygyna we ýaranlygyna peýda bermejek seresapsyz hereketlerden sowulmagyň ýoluny tapmak zerurlygyny görkezer” diýdi.

Resmi Erdogan ilçileri kowmak buýrugyny bermedik bolanlygynda iki lideriň arasynda boljak duşuşygyň meýilleşdirilmän hem biljekdigini belledi.

ABŞ-nyň we beýleki dokuz ýurduň ilçihanalarynyň protestler we 2016-njy ýyldaky döwlet agdarylyşygy synanyşygy bilen baglylykda tussag edilen we kazyýet hökümi çykarylmazdan dört ýyl bäri bendilikde saklanylýan Kawalanyň boşadylmagyny talap etmegi aralykdaky dawanyň has güýçlenmegine getirdi.

XS
SM
MD
LG