Türkmen režissýorynyň “Nejep oglan” filmi Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek “Gorkut ata Bütindünýä türk film festiwaly” atly gözden geçirilişiň bäsleşik meýilnamasyna girizildi. Bu barada 31-nji oktýabrda türkmen resmi metbugaty habar berdi.
8-12-nji noýabr aralygynda geçjek festiwalyň çäginde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Tatarystandan we beýleki türki ýurtlardan barjak kinematografçylar taryhy we häzirki zaman fantastikasy žanrynda surata düşürilen eserlerini görkezerler diýip, resmi habarda aýdylýar.
Türkmen režissýory Wepa Işangulyýewiň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan döredilen “Nejep oglan” filmi ilkinji gezek 2020-nji ýylda Aşgabatda görkezilipdi. Film bir ýaş bagşynyň başdan geçirmeleri hakda gürrüň berýän adybir gadymy eposa esaslanýar.
Türkmenistanda soňky otuz ýylda kino sungaty bilen birlikde, aýdym-saz, edebiýat hem aşa syýasatlaşdyryldy we olarda köplenç şol bir adamlar wasp edilýär.
Mundan başga-da, Azatlyk bilen gürleşýän ýerli döredijilik wekilleriniň tassyklamagyna görä, ýurtda başgaça pikirlenýän, režimi öwmeýän ýazyjylara, žurnalsitlere we beýleki döredijilik işgärlerine girizilen resmi däl gadaganlyk, senzura we “gara sanaw” diýilýänler saklanyp galýar.