Belarusyň sudy bir žurnalisti we onuň adamsyny Facebook-da “ekstremistiki” diýip häsiýetlendiren maglumatlary paýalaşandygy üçin 15 gün tussaglyga höküm etdi.
Minskiň sudy Belsat TV kanalynyň wekili Iryna Slawnikawa we onuň adamsy Alýaksandr Loýka 1-nji noýabrda tussaglyk hökümini çykardy. Bu barada adam hukuklaryna gözegçilik edýän Wýasna topary habar berdi.
Žurnalistleriň Belarusdaky Assosasiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde hem işleýän Slawnikawa 29-njy oktýabrda adamsy bilen Müsürden dolanan pursady saklanypdy.
Polşa tarapyndan maliýeleşdirilýän Belsat iýulda belarus resmileri tarapyndan “ekstremist” diýlip hasaba alyndy, şeýle-de onuň websaýty we sosial media hasaplary petiklendi.
Telekanal geçen ýylky prezidentlik saýlawlarynyň dawaly netijelerine laýyklykda diýdimzor Aleskandr Lukaşenkanyň ýeňiji diýlip yglan edilmeginden soň geçirilen köpçülikleýin protestler barada giňişleýin maglumat beripdi.
Günbatar tarapyndan galplaşdyrylan diýlip häsiýetlendirilen saýlawlardan soňky protestleri basyp ýatyrmak tagallalaryň çäginde, ýurtda onlarça garaşsyz habar serişdeleri petiklendi we gadagan edildi.
Žurnalistleriň Belarusdaky Assosasiýasynyň maglumatyna görä, häzir 28 žurnalist, şol sanda Belsatyň iki sany aýal habarçysy hem belarus türmelerinde saklanylýar. Katsýaryna Andreýewa we Darýa Çultsowa protestler barada maglumat taýýarlany üçin, fewralda iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.